Philips PerfectCare Performer GC8755/80 User Manual page 160

Table of Contents

Advertisement

Available languages
  • EN

Available languages

  • ENGLISH, page 3
Türkmençe
162
Bellik: Çökündileri aýyrmak ýerine ýetirilýärkä enjamyň toga dakylandygyna we IŞLEDILENDIGINE göz
ýetiriň.
2 Çökündileri aýyrmakda ulanylýan gaby ütük tagtasynyň üstünde ýa-da başga bir tekiz, durnukly ýerde
ýerleşdiriň (Şekil 19).
3 Ütügi çökündileri aýyrmakda ulanylýan gabyň üstünde durnukly görnüşde ýerleşdiriň (Şekil 20).
4 Gysga sesli duýduryşlary eşidýänçäňiz CALC-CLEAN düwmesini 2 sekuntlap basyp saklaň (Şekil 21).
Bellik:Çökündileri aýyrmakda ulanylýan gap çökündiler aýrylýan wagty çykýan çökündi bölejiklerini
we gyzgyn suwy ýygnamaga niýetlenilen. Çökündileri aýyrmak ýerine ýetirilýän wagty ütügi şu gabyň
üstünde goýmak bütinleý howpsuz bolup durýar.
5 Çökündileri aýyrmak ýerine ýetirilýärkä gysga sesli duýduryşlary we nasosyň sesini eşidersiňiz (Şekil 22).
6 Enjamyň işi tamamlamagy üçin takmynan 2 minut garaşyň. Çökündileri aýyrmak tamamlananda ütük
sesli duýduryş bermegini bes edýär we CALC-CLEAN çyrasy ýanyp-öçmegini bes edýär (Şekil 23).
7 Ütügi mata bilen süpüriň we ony öz esasynyň üstünde ýerleşdiriň (Şekil 24).
Seresap boluň: Ütük gyzgyn bolýar.
8 Çökündileri aýyrmak ýerine ýetirilýän wagty çökündileri aýyrmakda ulanylýan gap gyzgyn bolýandygy
sebäpli oňa eliňizi degirmezden ozal 5 minut töweregi garaşyň. Soňra çökündileri aýyrmakda ulanylýan
gaby rakawina eltiň, gaby boşadyň we ony geljekde ulanmak üçin saklaň (Şekil 25).
9 Zerur bolsa, 1-8 arasyndaky ädimleri gaýtalap bilersiňiz. Çökündileri aýyrmaga başlamazdan ozal
çökündileri aýyrmakda ulanylýan gaby boşatmagy ýadyňyzdan çykarmaň.
Bellik: Çökündileri aýyrmak ýerine ýetirileninde ütügiň içinde hiç hili çökündi ýygnanmadyk bolsa, ütügiň
dabanyndan arassa suw çykyp biler. Bu adaty ýagdaýdyr.
Çökündileri nädip aýyrmalydygy barada goşmaça maglumat üçin şu baglanyşykdaky wideolara göz aýlaň:
http://www.philips.com/descaling-iron.
Ütügiň dabanyny arassalamak
Enjamyňyzy talabalaýyk abatlamak üçin ony belli wagtlarda arassalap duruň.
1 Enjamy çygly mata bilen arassalaň.
2 Tegmilleri aňsatlyk bilen we netijeli görnüşde aýyrmak üçin ütügiň dabynynyň gyzmagyna maý beriň we
ony çygly matanyň üstünde süýşüriň (Şekil 26).
Peýdaly maslahat: Tekiz ütüklemek üçin ütügiň dabanyny yzygiderli arassalap duruň.
Ammarda saklamak
1 Bug öndürijini öçüriň we ony tokdan aýryň.
2 Suw gabyndaky suwy rakawina döküň (Şekil 27).
3 Suw üpjünçilik şlangasyny epläň. Suw üpjünçilik şlangasyny oramak bilen suw üpjünçilik şlangasy
saklanýan bölüme ýerleşdiriň we ony saklanýan bölümdäki gaňyrçaga berkidiň (Şekil 28).
4 Elektrik kabelini epläň we ony gysgyç bilen berkidiň (Şekil 29).
5 Ütügi onuň platformasyna berkitmek üçin göterileninde gulpy ýazdyrýan düwmäni basyň (Şekil 30).
6 Ütük özüniň platformasyna berkidilen wagty ütügiň sapyndan tutmak arkaly enjamy bir elde göterip
bilersiňiz (Şekil 31).
Näsazlyklary anyklamak we çözmek
Bu bölümde enjamda öňüňize çykyp biljek umumy meseleler barada gysgaça maglumat berilýär. Aşakda
berlen maglumatlar bilen meseläni çözüp bilmeseňiz, köp soralýan soraglaryň sanawyny görmek üçin
www.philips.com/support salgysyna giriň ýa-da ýurduňyzdaky Müşderiler bilen işleşmek boýunça merkeze
ýüz tutuň.

Advertisement

Table of Contents
loading

Table of Contents