Philips PerfectCare Performer GC8755/80 User Manual page 158

Table of Contents

Advertisement

Available languages
  • EN

Available languages

  • ENGLISH, page 3
Türkmençe
160
Enjamy ulanmak
Ütükläp bolýan matalar
Duýduryş: Ütüklenmäge degişli däl matalary ütüklemäň.
-
Şu nyşanlar bar bolan matalar ütüklenmäge degişli bolup durýar, mysal üçin, çit, pagta, polýester, ýüpek,
ýüň, wiskoza we emeli ýüpek (Şekil 7).
-
Şu nyşany bolan matalar ütüklenmäge degişli däl (Şekil 8). Bu matalara spandeks ýa-da elastan, spandeks
goşulan matalar we polioefirler ýaly sintetik matalar (mysal üçin, polipropilen) degişli. Geýimlere çap
edilen zatlary hem ütüklemek bolmaýar.
Ütüklemek
1 Bug öndürijini durnukly we tekiz üstde ýerleşdiriň.
Bellik:Howpsuz ütüklemegi üpjün etmek üçin enjamyň esasyny elmydama durnukly ütük tagtasyna
ýerleşdirmek maslahat berilýär.
2 Suw gabynda ýeterlik suwuň bardygyna göz ýetiriň.
3 Elektrik dürtgüjini topraga çatylan elektrik rozetkasyna dakyň we bug öndürijini açmak üçin açýan/
öçürýän düwmä basyň. Ütügiň taýýardygyny görkezýän çyra birsyhly ýanýança garaşyň (Şekil 9). Bu
takmynan 2 minut wagt alýar.
4 Suw üpjünçilik şlangasyny suw üpjünçilik şlangasy saklanýan bölümden çykaryň.
5 Ütügi onuň platformasyndan aýyrmak üçin göterileninde gulpy ýazdyrýan düwmäni basyň (Şekil 10).
6 Bug berip başlamak üçin bug goýberiji düwmäni basyp saklaň (Şekil 11).
Duýduryş: Bugy hiç haçan adamlara gönükdirmäň.
7 Ütüklemekde iň oňat netijeleri gazanmak üçin bug bilen ütükläniňizden soň ütügi birnäçe gezek bugsuz
degriň.
Bellik: Enjamy birinji gezek ulananyňyzda enjamdan buguň çykyp başlamagy 30 sekunt wagt alyp biler.
Bellik: Her gezek bug goýberiji düwmäni basanyňyzda nasos işjeňleşýär. Ol çalaja ses çykarýar, bu adaty
ýagdaýdyr. Suw gabynda suw ýok wagty nasosdan has gaty ses çykýar. Suwuň derejesi iň pes derejeden aşak
düşeninde suw gabyny suw bilen dolduryň.
Has güýçli bug üçin TURBO bug tertibinden peýdalanyp bilersiňiz, ol ütüklenmäge degişli ähli matalarda
howpsuz bolup durýar.
Pagta, jinsi we çit ýaly matalarda TURBO bug tertibini ulanmak maslahat berilýär.
1 Çyrasy ak reňkde ýanýança açýan/öçürýän düwmäni 2 sekuntlap basyp saklaň.
2 TURBO tertibini öçürmek üçin çyrasy gök reňke öwrülýänçä açýan/öçürýän düwmäni gaýtadan 2
sekuntlap basyp saklaň.
Güýçli bug funksiýasy
Aýrylmasy kyn ýygyrtlary aýyrmak üçin güýçli bug funksiýasyny ulanyň.
1 Bug goýberiji düwmäni çaltlyk bilen iki gezek basyň (Şekil 12).
Dikligine ütüklemek
Duýduryş: Ütükden gyzgyn bug çykýar. Hiç haçan biriniň geýip ýören geýimindäki ýygyrtlary
aýyrmaga synanyşmaň (Şekil 13). Özüňiziň ýa-da başgasynyň eliniň golaýynda enjamdan bug
çykartmaň.
Asylgy duran matalardan ýygyrtlary aýyrmak üçin bugly ütügi dik ýagdaýda ulanyp bilersiňiz.
1 Ütügi dik saklaň, bug goýberiji düwmä basyň we ütügiň dabanyny geýime çalaja degriň we ütügi
ýokaryk-aşak süýşüriň (Şekil 14).

Advertisement

Table of Contents
loading

Table of Contents