Türkmençe - Philips PerfectCare Performer GC8755/80 User Manual

Table of Contents

Advertisement

Available languages
  • EN

Available languages

  • ENGLISH, page 3
Türkmençe
159
Giriş
Satyn almagyňyz bilen gutlaýarys we Philips dünýäsine hoş geldiňiz! Philips tarapyndan hödürlenilýän
goldawdan doly peýdalanmak üçin önümiňizi www.philips.com/welcome salgysynda bellige aldyryň.
Enjamy ulanmazdan ozal şu ulanyjy gollanmasyny, möhüm maglumat kagyzyny we çalt başlangyç
ýolbeledini üns bilen okaň. Olary geljekde gollanmak üçin saklaň.
Philips tarapyndan aýratyn tehnologiýa
OptimalTEMP tehnologiýasy
OptimalTEMP tehnologiýasy ütügiň temperaturasyny düzmezden we geýimleri sortlamazdan islendik
görnüşli matalary islendik tertipde ütüklemäge mümkinçilik berýär.
Gyzgyn ütügiň dabanyny ütügiň platformasyna goýmazdan gönüden-göni ütük tagtasynda goýmak
howpsuz bolup durýar (Şekil 2). Şeýle etmeklik siziň bilegiňize düşýän agramy azaltmaga ýardam berýär.
Ykjam ProVelocity tehnologiýasy
Bu tehnologiýa ýygyrtlary aňsatlyk bilen aýyrmak üçin eşiklere siňýän üznüksiz bugy üpjün edýär (Şekil 3).
Şol bir wagtyň özünde ol enjamyň adaty bug öndürijilerden has ykjam we ýeňil bolmagyny üpjün edýär, bu
bolsa ony ammarda saklamagy aňsatlaşdyrýar.
Önüme umumy syn (Şekil 1)
1 Suw üpjünçilik şlangasy
2 Bug goýberiji/Güýçli bug
3 Ütügiň taýýardygyny görkezýän çyra
4 Ütügiň dabany
5 Ütügiň platformasy
6 Göterileninde gulpy ýazdyrýan düwme
7 Aýryp bolýan suw gaby
8 Suw üpjünçilik şlangasy saklanýan bölüm
9 Elektrik dürtgüji bilen elektrik kabeli
10 Çyraly CALC-CLEAN düwmesi
11 Enjama tok berlip durandygyny görkezýän çyraly we awto-öçürmek çyraly açýan/öçürýän düwme
12 Çyraly ECO düwmesi
13 Akylly Calc-Clean gaby
Ulanyşa taýýarlamak
Ulanylmaly suwuň görnüşi
Enjamyňyz şäheriň suw ulgamyndan alnan suw bilen işlemäge niýetlenilen. Emma, ýaşaýan sebitiňizdäki
suw talh bolsa, enjamda gysga wagtda galyndylaryň toplanmagy mümkin. Şol sebäpli, enjamyňyzyň hyzmat
ediş ömrüni uzaltmak üçin distillirlenen ýa-da mineralsyzlaşdyrylan suwy ulanmak maslahat berilýär.
Duýduryş:Ys berijili suw, guradyjy enjamdan çykan suw, sirke, krahmal, galyndyny aýyrýan
serişdeler, ütük etmekde kömekçiler, himiki taýdan galyndysy aýrylan suw ýa-da başga himikatlary
ulanmaň, sebäbi olar suwuň dammagyna, goňur tegmillere ýa-da enjamyňyza zeper ýetmegine ýol
açyp biler.
Suw gabyny doldurmak
1 Her gezek ulanmazdan ozal ýa-da suw gabyndaky suwuň mukdary iň pes derejeden aşak düşeninde suw
gabyny dolduryň. Suw gabyny enjamy ulanýan wagtyňyz islendik pursatda dolduryp bilersiňiz.
2 Suw gabyny esasdan aýryň (Şekil 4).
3 Suw gabyny MAX görkezijisine çenli dolduryň (Şekil 5).
4 Suw gabynyň aşaky bölegini ilki bilen enjama ýerleşdirmek arkaly suw gabyny dakyň.
5 Suw gaby ýerine ilýänçä (tykgyldy sesi) suw gabynyň depesinden basyň (Şekil 6).

Advertisement

Table of Contents
loading

Table of Contents