Download Print this page

Philips PerfectCare PSG9030/20R1 User Manual page 220

Advertisement

Available languages
  • EN

Available languages

  • ENGLISH, page 4
TÜRKMENÇE
222
Güýçli bug funksiýasy
16
2x
Dikligine ütüklemek
17
MAX sazlamasy
18
2 sec
Awto-öçürmek
19
Güýçli bug funksiýasy aýrylmasy kyn ýygyrtlary düzetmäge ýardam bermek üçin
niýetlenilýär.
-
Güýçli bug funksiýasyny işjeňleşdirmek üçin bug goýberiji düwmä çaltlyk
bilen iki gezek basyň. Enjam 3 gezek güýçli bug çykarýar (Şekil 16).
Ütükden gyzgyn bug çykýar. Hiç haçan biriniň geýip duran geýimindäki
ýygyrtlary aýyrmaga synanyşmaň. Özüňiziň ýa-da başgasynyň eliniň
golaýynda enjamdan bug çykartmaň.
Asylgy duran matalardan ýygyrtlary aýyrmak üçin ütügi dik ýagdaýda ulanyp
bilersiňiz.
1
Ütügi dik saklaň, bug goýberiji düwmä basyň we ütügiň dabanyny geýime
çalaja degriň (Şekil 17).
Bellik: Siziň howpsuzlygyňyz üçin dikligine ütüklenende akylly awtomatik
bug tertibini ulanyp bolmaýar.
Buguň has köp çykmagy üçin MAX sazlamasyny ulanyp bilersiňiz.
1
MAX çyrasy ak reňkde ýanýança açýan/öçürýän düwmäni 2 sekuntlap
basyp saklaň (Şekil 18).
Bellik: Max sazlamasynda enjamyňyz elmydama aňryçäk möçberde bug
çykarar, temperatura bolsa henizem awtomatik usulda düzüler.
2
Enjamyňyz energiýany tygşytlamak üçin 15 sekuntdan soň awtomatik
usulda adaty iş tertibine gaýdyp barýar.
3
MAX sazlamasyny islendik wagt gönüden-göni öçürmek üçin MAX çyrasy
öçýänçä açýan/öçürýän düwmäni 2 sekuntlap basyp saklaň.
-
Energiýany tygşytlamak üçin enjamyňyz 4-5 sekuntlap ulanylmasa,
garaşýan tertibe geçýär. Açýan/öçürýän düwmäniň çyrasy ýanyp-öçüp
başlaýar (Şekil 19).
-
Enjamy gaýtadan işjeňleşdirmek üçin açýan/öçürýän düwmä ýa-da bug
goýberiji düwmä basyň. Enjam gaýtadan gyzyp başlaýar.
-
Enjam garaşýan tertibe geçeninden soň ýene 10 minutlap ulanylmasa,
energiýany tygşytlamak üçin ol awtomatik usulda öçýär. Açýan/öçürýän
düwmäniň çyrasy öçýär.

Advertisement

loading

This manual is also suitable for:

Perfectcare 9000 series