Download Print this page

Philips PerfectCare PSG9030/20R1 User Manual page 217

Advertisement

Available languages
  • EN

Available languages

  • ENGLISH, page 4
Giriş
Satyn almagyňyz bilen gutlaýarys we Philips dünýäsine hoş geldiňiz! Philips tarapyndan hödürlenilýän
goldawdan doly peýdalanmak üçin önümiňizi www.philips.com/welcome salgysynda bellige aldyryň.
Enjamy ulanmazdan ozal aýratyn möhüm maglumat kagyzyny we ulanyjy gollanmasyny üns bilen okaň.
Geljekde ulanmak üçin iki resminamany hem saklaň.
Önüme umumy syn (Şekil 8)
1
Bug üpjünçilik şlangy
2
Bug goýberiji
3
Akylly awtomatik bug düwmesi
4
Ütügiň taýýardygyny görkezýän çyra
5
Ütügiň dabany
6
ActiveSense kamerasy
7
Ütügiň platformasy
8
Göterileninde gulpy ýazdyrýan düwme
9
Suw guýulýan deşik
10 Aýryp bolýan suw gaby
11 Bug üpjünçilik şlangasyny saklanýan bölüm
12 Elektrik kabeli saklanýan bölüm
13 Elektrik dürtgüji bilen elektrik kabeli
14 EASY DE-CALC nurbasy
15 Çyraly açýan/öçürýän düwme
16 Çökündini duýduryş
17 Aňryçäk bug sazlamasynyň düwmesi
18 Suwuň azdygyny duýdurýan çyra
Ulanyşa taýýarlamak
Ulanylmaly suwuň görnüşi
Enjamyňyz şäheriň suw ulgamyndan alnan suw bilen işlemäge niýetlenilen. Emma, ýaşaýan sebitiňizdäki
suw talh bolsa, enjamda gysga wagtda galyndylaryň toplanmagy mümkin. Şol sebäpli enjamyň hyzmat
ömrüni uzaltmak üçin distillirlenen ýa-da mineralsyzlaşdyrylan (50% mineralsyzlaşdyrylan/distillerlenen
suwy adaty suw bilen garyp ulanmak bolýar) suwy ulanmak maslahat berilýär.
Duýduryş:Ys berijili suw, guradyjy enjamdan çykan suw, sirke, krahmal, galyndyny aýyrýan
serişdeler, ütük etmekde kömekçiler, himiki taýdan galyndysy aýrylan suw ýa-da başga himikatlary
ulanmaň, sebäbi olar suwuň dammagyna, goňur tegmillere ýa-da enjamyňyza zeper ýetmegine ýol
açyp biler.
Önümi taýýarlamak
Her gezek ulanmazdan öň ýa-da suwuň pesdigini duýdurýan çyra ýananynda, suw gabyny dolduryň. Suw
gabyny enjamy ulanýan wagtyňyz islendik pursatda dolduryp bilersiňiz.
1 Suw gabyny enjamdan aýryň we ony MAX görkezijisine çenli suw bilen dolduryň.
2 Suw gabynyň aşaky bölegini ilki bilen enjama ýerleşdirmek arkaly suw gabyny dakyň.
3 Suw gaby ýerine ilýänçä (tykgyldy sesi) suw gabynyň depesinden basyň.
Elektrik dürtgüjini topraga çatylan elektrik rozetkasyna dakyň we bug öndürijini açmak üçin açýan/
öçürýän düwmä basyň. Ütügiň taýýardygyny görkezýän çyra birsyhly ýanýança garaşyň. Enjam taýýar
bolanynda sesli duýduryş hem berilýär.
Bellik: Birinji gezek ulananyňyzda enjamyň iň oňat öndürijiligi üçin ütügi açmazdan ozal ony ütük
tagtasynyň üstüne ýerleşdirmegi maslahat berýäris.
Bug öndürmek üçin nasosyň basýan suwy sebäpli enjamyň esasyndan ses eşidiler.
TÜRKMENÇE
219

Advertisement

loading

This manual is also suitable for:

Perfectcare 9000 series