Download Print this page

Philips PerfectCare PSG9030/20R1 User Manual page 219

Advertisement

Available languages
  • EN

Available languages

  • ENGLISH, page 4
Akylly awtomatik bug tertibi bilen ütüklemek
Enjamyňyz akylly awtomatik bug tertibi bilen enjamlaşdyrylan bolup, ol
DynamiQ datçik tehnologiýasynyň kömegi bilen ütügiňiziň nähili we haçan
hereket edýändigini anyklaýar. Enjamy açanyňyzda bu iş tertibi deslapdan
işjeňleşdirilýär (Şekil 12). ActiveSense tehnologiýasy bilen bilelikde ütügiňiz
siziň hereketleriňiziň we matanyň görnüşiniň esasynda bug goýberiji düwmäni
ulanmazdan buguň dogry möçberini awtomatiki usulda çykarýar.
Akylly awtomatik bug tertibinde ütügi hereket etdireniňizde awtomatik usulda
bug çykýar we ütügi durzanyňyzda buguň çykmagy kesilýär (Şekil 13). Şu iş
tertibinde ütük hereket etmeýän wagty bug çykarmak üçin bug goýberiji
düwmä basyp bilersiňiz.
Bellik: Siziň howpsuzlygyňyz üçin akylly awtomatik bug tertibinde ütügi
ýokary götereniňizde bug çykmagy kesilýär.
Tagtanyň bug öndürijiniň ululygyna we agramyna laýykdygyny anyklaň.
Elde iş tertibinde ütüklemek
Akylly awtomatik bug tertibini öçrmek arkaly ütük edeniňizde buguň mukdaryny
elde dolandyryp bilersiňiz.
-
Akylly awtomatik bug tertibinden çykmak üçin akylly awtomatik bug
düwmesine basyň (Şekil 14). Akylly awtomatik bugy görkezýän çyra öçýär.
Ütüklemäge dowam etmek üçin bug goýberiji düwmä basmaly.
-
Elde iş tertibinde ActiveSense tehnologiýasy dürli gönüşli matalara görä
temperaturany we buguň mukdaryny awtomatik usulda düzýär, ýöne bug
çykarmagy işjeňleşdirmek üçin bug goýberiji düwmä basmaly bolarsyňyz.
Duýduryş: Bugy hiç haçan adamlara gönükdirmäň.
Bellik: Pagta, çit we jinsi ýaly gaty matalarda iň oňat netijäni almak üçin
ütügi matanyň üstünde süýşüreniňizde bug goýberiji düwmäni basyp
saklaň (Şekil 15). Soňra matany guratmak üçin şol bir ýeriň üstünden ütügi
bug goýbermezden birnäçe gezek geçiriň.
Bellik: Ýüpek we ýalpyldawuk sintetik matalarda iň oňat netijäni almak üçin
ütük edeniňizde bug goýberiji düwmäni basyp saklamak maslahat berilýär.
TÜRKMENÇE
221
12
13
14
15

Advertisement

loading

This manual is also suitable for:

Perfectcare 9000 series