Download Print this page

Philips PerfectCare PSG9030/20R1 User Manual page 218

Advertisement

Available languages
  • EN

Available languages

  • ENGLISH, page 4
TÜRKMENÇE
220
Suwuň azdygyny duýdurýan çyra
Suw gaby boşap barýarka suwuň azdygyny görkezýän duýduryş çyrasy ýanýar. Suw gabyny dolduryň
we enjamyň gaýtadan gyzmagy üçin bug goýberiji düwmä basyň. Ütügiň taýýardygyny görkezýän çyra
birsyhly ýananyndan soň bug bilen ütüklemäge dowam edip bilersiňiz.
Enjamyňyzy ulanmak
ActiveSense tehnologiýasy
Enjamyňyz dünýäde ilkinji bolup ActiveSense diýlip atlandyrylýan matanyň görnüşini
duýýan tehnologiýa bilen enjamlaşdyryldy. Ol ornaşdyrylan kameranyň kömegi bilen
ütük edilýän wagtynda matanyň görnüşini anyklaýan emeli aň bilen işleýär, zerur
temperaturany we buguň möçberini awtomatik usulda sazlaýar. Şeýle hem, ýanyklaryň
öňüni almak üçin ütügiňizi ütük tagtasynyň üstünde galdyryp bilersiňiz.
9
10
11
ActiveSense tehnologiýasy ütügiň temperaturasyny düzmezden islendik görnüşli
matalary islendik tertipde ütüklemäge mümkinçilik berýär.
Ütügiň taýýardygyny görkezýän çyra anyklanan matanyň görnüşiniň esasynda
zerur temperaturanyň/buguň derejesine (degişli çyra görä adaty we ýokary)
laýyklykda birsyhly gök ýa-da ak reňkde ýanyp biler.
Şu nyşanlary bolan matalary ütükläp bolýar (Şekil 9), mysal üçin, çit, pagta,
polýester, ýüpek, ýüň, wiskoza we emeli ýüpek.
Bellik: Hatda matanyň özüni ütükläp bolýan hem bolsa oňa çap edilen
zatlary ütüklemäň.
Näzik matalaryň we ýüzüniň örtükleriniň belli görnüşlerinde (mysal üçin, zamşa,
mahmal, metal tikinler, seplemeler) geýimiň ýokarsynda belli bir aralykdan bug
goýbermek maslahat berilýär.
Şu nyşany bolan matalar ütüklenmäge degişli däl (Şekil 10). Bu matalara
spandeks ýa-da elastan, spandeks goşulan matalar we poluefirler ýaly sintetik
matalar degişli.
Ütükleýän wagtyňyz ütügi platformasynyň üstünde ýa-da ütük tagtasynyň
üstünde keseligine ýerleşdirip bilersiňiz. ActiveSense tehnologiýasy arkaly ütügiň
dabany ütük tagtasynyň örtügine zeper ýetirmeýär (Şekil 11).
Ütük uzak wagtlap duranynda birneme bug çykmagy mümkin. Bu adaty
ýagdaý bolup, ütük ulanylman duran wagty ütügiň dabanyny dogry
temperaturada saklamak üçin ulgamyň işiniň bir bölegi bolup durýar. Onuň
dowamynda ütügiň taýýardygyny görkezýän çyra gök reňkde ýanyp-öçýär.
Bellik: Ütügiň öň tarapyna mümkin boldugyça az degiň, sebäbi ol gyzýar.

Advertisement

loading

This manual is also suitable for:

Perfectcare 9000 series