Philips GC6804/26 User Manual page 161

Hide thumbs Also See for GC6804/26:
Table of Contents

Advertisement

Available languages
  • EN

Available languages

  • ENGLISH, page 4
3 Ütügi çökündileri aýyrmakda ulanylýan gabyň üstünde durnukly görnüşde ýerleşdiriň (Şekil 15).
4 Gysga sesli duýduryşlary eşidýänçäňiz CALC-CLEAN düwmesini 2 sekuntlap basyp saklaň (Şekil 16).
Bellik:Çökündileri aýyrmakda ulanylýan gap çökündiler aýrylýan wagty çykýan çökündi bölejiklerini
we gyzgyn suwy ýygnamaga niýetlenilen. Çökündileri aýyrmak ýerine ýetirilýän wagty ütügi şu gabyň
üstünde goýmak bütinleý howpsuz bolup durýar.
5 Çökündileri aýyrmak ýerine ýetirilýärkä gysga sesli duýduryşlary we nasosyň sesini eşidersiňiz (Şekil 17).
6 Enjamyň işi tamamlamagy üçin takmynan 2 minut garaşyň (Şekil 18). Calc-Clean tamamlananda ütük
sesli duýduryş bermegini bes edýär we CALC-CLEAN çyrasy ýanyp-öçmegini bes edýär.
7 Ütügi mata bilen süpüriň we ony öz esasynyň üstünde ýerleşdiriň (Şekil 19).
Seresap boluň: Ütük gyzgyn bolýar.
8 Çökündileri aýyrmak ýerine ýetirileninde çökündileri aýyrmakda ulanylýan gap gyzgyn bolýar, şol sebäpli
oňa eliňizi degirmezden ozal 5 minut töweregi garaşyň. Soňra çökündileri aýyrmakda ulanylýan gaby
rakawina eltiň, gaby boşadyň we ony geljekde ulanmak üçin saklaň (Şekil 20).
9 Zerur bolsa, 1-8 arasyndaky ädimleri gaýtalap bilersiňiz. Çökündileri aýyrmaga başlamazdan ozal
çökündileri aýyrmakda ulanylýan gaby boşatmagy ýadyňyzdan çykarmaň.
Bellik: Çökündileri aýyrmak ýerine ýetirileninde ütügiň içinde hiç hili çökündi ýygnanmadyk bolsa, ütügiň
dabanyndan arassa suw çykyp biler. Bu adaty ýagdaýdyr.
Çökündileri nädip aýyrmalydygy barada goşmaça maglumat üçin şu baglanyşykdaky wideolara göz aýlaň:
http://www.philips.com/descaling-iron.
Ütügiň dabanyny arassalamak
Enjamyňyzy talabalaýyk abatlamak üçin ony belli wagtlarda arassalap duruň.
1 Enjamy çygly mata bilen arassalaň.
2 Tegmilleri aňsatlyk bilen we netijeli görnüşde aýyrmak üçin ütügiň dabynynyň gyzmagyna maý beriň we
ony çygly matanyň üstünde süýşüriň (Şekil 21).
Peýdaly maslahat: Tekiz ütüklemek üçin ütügiň dabanyny yzygiderli arassalap duruň.
Ammarda saklamak
1 Enjamy öçüriň we ony tokdan aýryň.
2 Suw gabyndaky suwy rakawina döküň (Şekil 22).
3 Elektrik kabelini we suw üpjünçilik şlangasyny bilelikde epläň. Olary saklanýan bölümine itiň (Şekil 23).
4 Diňe GC6819, GC6820, GC6830 we GC6840 seriýalar: ütügi platformasyna ildirmek üçin göterileninde
gulpy ýazdyrýan düwmäni basyň (Şekil 24). Ütük özüniň platformasyna berkidilen wagty ütügiň
sapyndan tutmak arkaly enjamy göterip bilersiňiz (Şekil 25).
Näsazlyklary anyklamak we çözmek
Bu bölümde enjamda öňüňize çykyp biljek umumy meseleler barada gysgaça maglumat berilýär. Aşakda
berlen maglumat bilen meseläni çözüp bilmeseňiz, köp soralýan soraglaryň sanawyny görmek üçin
www.philips.com/support salgysyna giriň ýa-da ýurduňyzdaky Müşderiler bilen işleşmek boýunça merkeze
ýüz tutuň.
Näsazlyk
Ütükden hiç hili bug
çykmaýar.
Ähtimal sebäbi
Suw gabynda ýeterlik suw ýok.
Bug goýberiji düwmäni
basmansyňyz.
Türkmençe
Çözgüt
Suw gabyna MIN görkezijisinden geçýänçä
suw guýuň. Bug çykyp başlaýança bug
goýberiji düwmäni basyň. Buguň çykyp
başlamagy üçin 30 sekunt töweregi wagt
gerek bolup biler.
Bug çykyp başlaýança bug goýberiji
düwmäni basyň.
163

Advertisement

Table of Contents
loading

This manual is also suitable for:

Gc6800 series

Table of Contents