Türkmençe - Philips GC7930/30 User Manual

Table of Contents

Advertisement

Available languages
  • EN

Available languages

  • ENGLISH, page 5
Giriş
Satyn almagyňyz bilen gutlaýarys we Philips dünýäsine hoş geldiňiz! Philips tarapyndan hödürlenilýän
goldawdan doly peýdalanmak üçin önümiňizi www.philips.com/welcome salgysynda bellige aldyryň.
Enjamy ulanmazdan ozal şu ulanyjy gollanmasyny, möhüm maglumat kagyzyny we çalt başlangyç
ýolbeledini üns bilen okaň. Olary geljekde gollanmak üçin saklaň.
Önüme umumy syn (Şekil 1)
1 Ütügiň dabany
2 ütügiň taýýardygyny görkezýän çyra
3 Bug goýberiji/Güýçli bug
4 Suw üpjünçilik şlangasy
5 Ütügiň platformasy
6 Göterileninde gulpy ýazdyrýan düwme
7 Suw gabyny goýberýän ryçag
8 Suw guýulýan deşik
9 Aýryp bolýan suw gaby
10 Suw üpjünçilik şlangasy saklanýan bölüm
11 Elektrik dürtgüji bilen elektrik kabeli
12 Akylly Calc-Clean gaby
13 Çyraly CALC-CLEAN düwmesi
14 Enjama tok berlip durandygyny görkezýän çyraly we öçüriş çyraly açýan/öçürýän düwme
Ulanyşa taýýarlamak
Ulanylmaly suwuň görnüşi
Enjamyňyz şäheriň suw ulgamyndan alnan suw bilen işlemäge niýetlenilen. Emma, ýaşaýan sebitiňizdäki
suw talh bolsa, enjamda gysga wagtda galyndylaryň toplanmagy mümkin. Şol sebäpli enjamyň hyzmat
ömrüni uzaltmak üçin distillirlenen ýa-da mineralsyzlaşdyrylan (50% mineralsyzlaşdyrylan/distillerlenen
suwy adaty suw bilen garyp ulanmak bolýar) suwy ulanmak maslahat berilýär.
Duýduryş:Ys berijili suw, guradyjy enjamdan çykan suw, sirke, krahmal, galyndyny aýyrýan
serişdeler, ütük etmekde kömekçiler, himiki taýdan galyndysy aýrylan suw ýa-da başga himikatlary
ulanmaň, sebäbi olar suwuň dammagyna, goňur tegmillere ýa-da enjamyňyza zeper ýetmegine ýol
açyp biler.
Suw gabyny doldurmak
Her gezek ulanmazdan ozal ýa-da suw gabyndaky suwuň mukdary iň pes derejeden aşak düşeninde suw
gabyny dolduryň. Suw gabyny enjamy ulanýan wagtyňyz islendik pursatda dolduryp bilersiňiz.
1 Suw gabynyň tutawajyndaky ryçaga basyň we suw gabyny esasdan aýryň (Şekil 2).
2 Suw gabyny MAX görkezijisine çenli dolduryň (Şekil 3).
3 Suw gaby enjamdaky ýerine ildirilýänçýä ony enjamyň içine itiň (tykgyldy sesi).
Enjamy ulanmak
Ütükläp bolýan matalar
Ütüklenmäge degişli däl matalary ütüklemäň.
-
Şu nyşanlar bar bolan matalary (Şekil 4), mysal üçin, çit, pagta, polýester, ýüpek, ýüň, wiskoza we emeli
ýüpek, ütükläp bolýar.
-
Şu nyşany bar bolan matalary (Şekil 5) ütükläp bolmaýar. Bu matalara spandeks ýa-da elastan, spandeks
goşulan matalar we polioefirler ýaly sintetik matalar (mysal üçin, polipropilen) degişli. Geýimlere çap
edilen zatlary hem ütüklemek bolmaýar.
Türkmençe
121

Advertisement

Table of Contents
loading

This manual is also suitable for:

Gc7900 series

Table of Contents