Türkmençe - Philips GC6700 Series User Manual

Hide thumbs Also See for GC6700 Series:
Table of Contents

Advertisement

Available languages
  • EN

Available languages

  • ENGLISH, page 5
Enjamy ulanmak
Ütüklemek
Temperatura sazlamasy
SYNTH
●●
●●●
LINEN
1 Enjamy durnukly we tekiz üstde ýerleşdiriň.
Bellik:Howpsuz ütüklemegi üpjün etmek üçin enjamyň esasyny elmydama durnukly ütük tagtasyna
ýerleşdirmek maslahat berilýär.
2 Suw gabynda ýeterlik suwuň bardygyna göz ýetiriň.
3 Suw üpjünçilik şlangasyny we elektrik kabelini olaryň saklanýan bölüminden çykaryň.
4 Elektrik dürtgüjini topraga çatylan elektrik rozetkasyna dakyň we enjamy açmak üçin açýan/öçürýän
düwmä basyň.
5 Temperaturany düzüş nurbadyny ýokardaky sanawa görä dogry temperaturany düzmek üçin aýlaň.
Enjam saýlanan temperaturanyň esasynda bugy awtomatik usulda düzýär.
Bellik: maslahat berilýän temperatura sazlamasyny görmek üçin geýimiň tagmasyna serediň.
Ütüklenmäge degişli däl matalary ütüklemäň.
6 Ütügiň taýýardygyny görkezýän çyra birsyhly ýanýança garaşyň (Şekil 4). Bu takmynan 2 minut wagt
alýar.
7 Diňe GC6730, GC6740 seriýalary üçin: ütügi onuň platformasyndan aýyrmak üçin göterileninde gulpy
ýazdyrýan düwmäni basyň (Şekil 5).
8 Bug berip başlamak üçin bug goýberiji düwmäni basyp saklaň (Şekil 6).
Duýduryş: Bugy hiç haçan adamlara gönükdirmäň.
Bellik: Enjamy birinji gezek ulananyňyzda enjamdan buguň çykyp başlamagy 30 sekunt wagt alyp biler.
Bellik: Her gezek bug goýberiji düwmäni basanyňyzda nasos işjeňleşýär. Ol çalaja ses çykarýar, bu adaty
ýagdaýdyr. Suw gabynda suw ýok wagty nasosdan has gaty ses çykýar. Suwuň derejesi iň pes derejeden
aşak düşeninde suw gabyny suw bilen dolduryň.
Güýçli bug funksiýasy
1 3 sekuntlap güýçli bug çykmagy üçin bug goýberiji düwmäni çaltlyk bilen iki gezek basyň (Şekil 7).
Bellik: güýçli bug funksiýasyny diňe aýrylmasy kyn ýygyrtlarda ulanmak maslahat berilýär.
Dikligine ütüklemek
Duýduryş: Ütükden gyzgyn bug çykýar. Hiç haçan biriniň geýip ýören geýimindäki ýygyrtlary
aýyrmaga synanyşmaň (Şekil 8). Özüňiziň ýa-da başgasynyň eliniň golaýynda enjamdan bug
çykartmaň.
Asylgy duran matalardan ýygyrtlary aýyrmak üçin bugly ütügi dik ýagdaýda ulanyp bilersiňiz.
1 Ütügi dik saklaň, bug goýberiji düwmä basyň we ütügiň dabanyny geýime çalaja degriň we ütügi
ýokaryk-aşak süýşüriň (Şekil 9).
Awtomatik bug sazlamasy
Türkmençe
Matanyň görnüşi
Sintetik matalar (mysal üçin, asetat,
akril, neýlon, wiskoza, poliamid,
poliester)
Ýüpek, ýüň
Pagta, çit
149

Advertisement

Table of Contents
loading

This manual is also suitable for:

Gc6709/20

Table of Contents