Türkmençe - Philips PerfectCare PSG6066/20 Manual

Hide thumbs Also See for PerfectCare PSG6066/20:
Table of Contents

Advertisement

Available languages
  • EN

Available languages

  • ENGLISH, page 1
40 TÜRKMENÇE
Giriş
Satyn almagyňyz bilen gutlaýarys we Philips
dünýäsine hoş geldiňiz! Philips tarapyndan
hödürlenilýän goldawdan doly peýdalanmak
üçin önümiňizi www.philips.com/welcome
salgysynda bellige aldyryň.
Möhüm
Enjamy ulanmazdan ozal aýratyn möhüm
maglumat kagyzyny we ulanyjy gollanmasyny
üns bilen okaň. Geljekde ulanmak üçin iki
resminamany hem saklaň.
Bu enjam diňe öý şertlerinde ulanylmaga
niýetlenilýär. Täjirçilik maksatly ulanylsa, ýerliksiz
ulanylsa ýa-da gözükdirijiler berjaý edilmese,
öndüriji hiç hili jogapkärçilik çekmeýär we
kepillik degişli bolmaýar.
Howp
Enjamy hiç haçan suwa çümdürmäň.
Duýduryş
Dürtgüjine, elektrik kabeline, bug üpjünçilik
şlangyna ýa-da enjamyň özüne göze görnüp
duran zeper ýeten bolsa ýa-da enjam ýere
gaçan bolsa ýa-da suw syzdyrýan bolsa,
enjamy ulanmaň. Bejeriş ýa-da abatlaýyş
üçin enjamyňyzyň Philips tarapyndan,
Philips ygtyýarly hyzmat ediş merkezi ýa-da
şoňa meňzeş ygtyýarly şahslar tarapyndan
barlanmagyny üpjün etmeli.
Enjam toga dakmazdan ozal zawod
tagmasynda görkezilen güýjenmäniň ýerli
elektrik ulgamyndaky güýjenmä gabat
gelýändigini barlaň.
Elektrik toguna birikdirilen enjamy
gözegçiliksiz galdyrmaň.
Enjamy 8 ýaşyny dolduran we has uly
ýaşly çagalar, şeýle hem enjamy howpsuz
görnüşde ulanmak boýunça gözükdirijiler
berlen ýa-da howpsuz ulanmak boýunça
gözegçilik astyndaky we degişli howplar
özlerine mälim edilen, fiziki, duýgurlyk ýa-da
zehin ukyplary pes ýa-da tejribesi we bilimi
bolmadyk şahslar ulanyp bilerler.
8 ýaşyndaky ýa-da has kiçi ýaşly çagalaryň
diňe gözegçilik astynda enjamy
arassalamagyna we galyndyny aýyrmak ýa-
da çökündileri arassalamak amallaryny ýerine
ýetirmegine rugsat berilýär.
Çagalaryň enjam bilen oýnamagyna ýol
bermäň.
Enjam açyk wagty ýa-da sowaýan wagty
ütügi we onuň elektrik kabelini 8 ýaşyndaky
ýa-da has kiçi çagalaryň eli ýetmejek ýerinde
saklaň.
Ütügiňizi seresaplylyk bilen ulanyň we
bugy hiç haçan adamlara ýa-da haýwanlara
gönükdirmäň, sebäbi enjamyňyzyň çykarýan
bugy ýanyklara ýol açyp bilýär.
Elektrik kabeliniň we bug üpjünçilik
şlangynyň ütügiň gyzgyn dabanyna
galtaşmagyna ýol bermäň.
Ütük edýän wagtyňyz ýanyklaryň öňüni
almak üçin bug çykarmak işjeň wagty
barmaklaryňyzy ýa-da eliňizi ütügiň
dabanyndan uzakda saklaň.
SERESAP BOLUŇ: Gyzgyn ýüz
Ulanylýan wagty enjamyň ýüzleri
gyzyp bilýär (enjamyň üstünde
gyzgyn nyşany bar bolan ütükler
üçin).
Seresap boluň
Çökündiler arassalanýan wagty enjamy
gözegçiliksiz galdyrmaň.
Bug öndürijidäki galyndyny ýa-da çökündileri
"Arassalamak we abatlamak" bölümindäki
gözükdirijilere laýyklykda ýerine ýetiriň.
Çökündileri arassalamagy elmydama
çökündileri arassalaýyş gaby bilen ýerine
ýetiriň we amal tamamlanmanka onuň
arasyny kesmäň.
Çökündiler arassalanýan wagty ütügiň öz
aýagynda durmagyna ýol bermäň, sebäbi
gyzgyn suw çykýar.
Çökündileri arassalamak ýerine ýetirilenden
soň çökündileri arassalaýyş gaby gyzgyn
bolýar. Oňa degmezden ozal sowamagy üçin
5 minut garaşyň.
Enjamy tekiz, gyzgyna çydamly ýerde
ulanmaly we ýerleşdirmeli. Ütügi onuň
öz saklaýjysyna ýerleşdireniňizde onuň
ýerleşdirilen ýeriniň durnuklydygyna göz
ýetiriň. Ütügiň saklaýjysy onuň aýak bölegi
ýa-da ütük ulanylmaýan wagty onuň
goýulýan ýeri diýmekdir.
Enjamy diňe ýere çatylan rozetka dakyň.
Dürtgüji rozetka dakmazdan ozal elektrik
kabelini doly çözüň.
Ütügiň platformasy we ütügiň esasy iňňän
gyzgyn bolup, oňa degseňiz ýanyklara ýol
açyp bilýär. Bug öndürijini aýyrmak isleseňiz,
ütügiň platformasyna degmäň.
Ütüklemegi tamamlanyňyzda, enjamy
arassalanyňyzda, bug öndürijini
dolduranyňyzda ýa-da boşadanyňyzda

Hide quick links:

Advertisement

Table of Contents
loading

Table of Contents