Philips GC7930/30 User Manual page 123

Table of Contents

Advertisement

Available languages
  • EN

Available languages

  • ENGLISH, page 5
Türkmençe
124
8 Çökündileri aýyrmak ýerine ýetirileninde çökündileri aýyrmakda ulanylýan gap gyzgyn bolýar, şol sebäpli
oňa eliňizi degirmezden ozal 5 minut töweregi garaşyň. Soňra çökündileri aýyrmakda ulanylýan gaby
rakawina eltiň, gaby boşadyň we ony geljekde ulanmak üçin saklaň (Şekil 21).
9 Zerur bolsa, 1-8 arasyndaky ädimleri gaýtalap bilersiňiz. Çökündileri aýyrmaga başlamazdan ozal
çökündileri aýyrmakda ulanylýan gaby boşatmagy ýadyňyzdan çykarmaň.
Bellik: Çökündileri aýyrmak ýerine ýetirileninde ütügiň içinde hiç hili çökündi ýygnanmadyk bolsa, ütügiň
dabanyndan arassa suw çykyp biler. Bu adaty ýagdaýdyr.
Çökündileri nädip aýyrmalydygy barada goşmaça maglumat üçin şu baglanyşykdaky wideolara göz aýlaň:
http://www.philips.com/descaling-iron.
Ammarda saklamak
1 Enjamy öçüriň we ony tokdan aýryň.
Bellik: Her gezek ulananyňyzdan soň suw gabyny boşatmak maslahat berilýär.
2 Ütügi onuň platformasynda ýerleşdiriň we göterileninde gulpy ýazdyrýan düwmäni basmak arkaly ony
ildiriň (Şekil 22).
3 Üpjünçilik şlangasyny epläň we üpjünçilik şlangasyny üpjünçilik şlangasy saklanýan bölüme ýerleşdiriň
(Şekil 23).
4 Elektrik kabelini epläň we ony Velcro gysgyç bilen berkidiň.
5 Ütük özüniň platformasyna berkidilen wagty ütügiň sapyndan tutmak arkaly enjamy bir elde göterip
bilersiňiz.
Näsazlyklary anyklamak we çözmek
Bu bölümde enjamda öňüňize çykyp biljek umumy meseleler barada gysgaça maglumat berilýär. Aşakda
berlen maglumatlar bilen meseläni çözüp bilmeseňiz, köp soralýan soraglaryň sanawyny görmek üçin
www.philips.com/support salgysyna giriň ýa-da ýurduňyzdaky Müşderiler bilen işleşmek boýunça merkeze
ýüz tutuň.
Näsazlyk
Ütükden hiç hili bug
çykmaýar.
Ütügiň dabanyndan bug
çykmaýar, CALC CLEAN
düwmesiniň çyrasy ýanyp-
öçýär we enjam sesli
duýduryş berýär.
Ütügiň dabanyndan suw
damjalary çykýar.
Ähtimal sebäbi
Suw gabynda ýeterlik suw ýok.
Bug goýberiji düwmäni
basmansyňyz.
Çökündileri aýyrmagy ýerine
ýetirýänçäňiz bug funksiýasy
işlemeýän edilipdir.
Ütükläp başlanyňyzda bug
goýberiji düwme ýeterlik
wagtlap basylyp saklanmandyr.
Çökündileri aýyrmagy
ýerine ýetirmänsiňiz ýa-da
tamamlamansyňyz.
Çökündileri aýyrmak ýerine
ýetirileninden soň galan suw
ütügiň dabanyndan damyp
biler.
Çözgüt
Suw gabyny dolduryň. Bug çykyp
başlaýança bug goýberiji düwmäni basyň.
Buguň çykyp başlamagy üçin 30 sekunt
töweregi wagt gerek bolup biler.
Bug çykyp başlaýança bug goýberiji
düwmäni basyň.
Bug funksiýasynyň gaýtadan işläp
başlamagy üçin çökündileri aýyrmagy
ýerine ýetiriň. ("Arassalamak we
abatlamak" bölümine serediň)
Bug çykyp başlaýança bug goýberiji
düwmäni basyň. Buguň çykyp başlamagy
üçin 30 sekunt töweregi wagt gerek bolup
biler.
Bug funksiýasynyň gaýtadan işläp
başlamagy üçin çökündileri aýyrmagy
ýerine ýetiriň ("Arassalamak we
abatlamak" bölümine serediň).
Ütügiň dabanyny mata bilen süpüriň.
Çökündileri aýyrmak funksiýasynyň
çyrasy henizem ýanyp-öçýän we enjam
sesli duýduryş berýän bolsa, çökündileri
aýyrmagy ýerine ýetiriň ("Arassalamak we
abatlamak" bölümine serediň).

Advertisement

Table of Contents
loading

This manual is also suitable for:

Gc7900 series

Table of Contents