Download Print this page

Daşky Gurşawa Dahylly Maglumatlar; Içine Ornaşdyrylan Batareýi Aýyrmak; Kepillik We Goldaw - Philips AVENT SCD841 Manual

Hide thumbs Also See for AVENT SCD841:

Advertisement

Available languages
  • EN

Available languages

  • ENGLISH, page 1
Daşky gurşawa dahylly maglumatlar
Içine ornaşdyrylan batareýi aýyrmak

Kepillik we goldaw

Ähli gereksiz gaplama materiallary aýryldy. Biz gaplamany ýeňillik bilen
iki materiala bölüp bolar ýaly görnüşde taýýarlamaga synanyşdyk: karton
(guty we polietilen (torbalar, gorag penoplast listi).
Ýöriteleşdirilen kompaniýa tarapyndan dargadylan ýagdaýynda
ulgamyňyz gaýtadan işläp we gaýtadan ulanyp bolýan materiallardan
ybarat bolup durýar. Gaplama materiallaryny, ulanylan batareýleri we
köne enjamlary zibile zyňmak boýunça ýerli düzgünnamalary berjaý ediň.
Bellik: Zarýad berilýän batareýany professional hünärmeniň
aýyrmagyny pugta maslahat berýäris.
Enjamy zibile zyňanyňyzda diňe zarýad berilýän batareýi aýryň. Batareýi
aýranyňyzda onuň bütinleý boşandygyna göz ýetiriň. Diňe ene-ata
enjamynda batareý bolýar.
Prosedura:
1 Ene-ata enjamynyň aşagyndaky 2 rezin aýagy aýryň.
2 Indi ene-ata enjamynyň aşagynda görünýän 2 winti aýryň.
3 Anteni dik ýagdaýda ýerleşdiriň we indi arka korpusda görünýän winti
aýryň.
4 Arka korpus bilen öň korpusyň arasynda otwýorka girizmek arkaly
olary biri-birinden aýryň. 2020-nji ýylyň awgustyndan soň öndürilen
täze wersiýalarda zawod tagmasynyň aşagynda 2 sany goşmaça wint
bolýar. Zawod tagmasyny goparyň, wintleri aýryň, gysgyjy aýryň we
batareý bölüminiň gapagyny süýşürip açyň.
5 Batareýi birikdiriji kabeli (gara-ak-gyzyl kabel) aýryň.
6 Batareýi saklaýjydaky 4 winti aýryň. 2020-nji ýylyň awgustyndan soň
öndürilen täze wersiýalarda wint bolmaýar.
7 Batareýi aýryň.
*Öndürilen senesiniň kody GGAAÝÝ gysgyjyň aşagynda, 2 rezin aýagyň
ýokarsynda ýerleşýär.
Ýurduňyzda elektron önümleri ýygnamak/gaýtadan işlemek ulgamy ýok
bolsa, önümi zibile zyňmazdan ozal batareýi aýyrmak we zibile zyňmak
arkaly daşky gurşawy gorap bilersiňiz.
Batareýini aýyrmazdan ozal önümiň zarýad beriş bekedinden
aýrylandygyna göz ýetiriň.
Maglumat ýa-da goldaw gerek bolsa, www.philips.com/support
salgysyna giriň ýa-da halkara kepillik hatyny okaň.
- Türkmençe 327 -

Advertisement

loading

This manual is also suitable for:

Avent scd843Avent scd845Avent scd845/52