Download Print this page

Suw Gabyny Arassalamak - Philips AVENT SCF870 Manual

Hide thumbs Also See for AVENT SCF870:

Advertisement

Available languages
  • EN

Available languages

  • ENGLISH, page 1
6
Pyçak toplumyny ulanyşdan soň dessine kanyň astynda gowy edip ýuwuň. Pyçak
toplumyynň turbasynyň iç tarapyny hem ýuwandygyňyza göz ýetiriň.
Pyçak toplumy bilen örän seresap çemeleşiň. Kesgir gyralary iňňän ýiti bolýar.
Bellik: Pyçak toplumyny has gowy arassalamak isleýän bolsaňyz, ony durlanyňyzdan soň
gap-gaç ýuwujy maşyna salyp bilersiňiz.
7
Ulanyşdan soň dessine iýmit bilen galtaşýan beýleki bölekleri ýuwujy serişde bilen
ýuwuň.
Bellik: Motordan başga ähli bölekleri gap-gaç ýuwujy maşynda ýuwup bolýar.
8
Zerur bolsa, hereketlendirijini çygly mata bilen arassalaň.
9
Suw gabyna haýsydyr bir iýmit bölekleriniň girmändigini barlaň. Siz muny suw
gabyny dolduryjy deşige seretmek arkaly ýa-da suwuň adaty däl reňkine seredip
we suw gabyndan nähoş ys ýa-da ýanyk ysy gelýän bolsa, ysgamak arkaly ýerine
ýetirip bilersiňiz.
Eger şeýle ýagdaý ýüze çyksa, suw gabyny arassalaň (şu bölümdäki «Suw gabyny
arassalamak» bölümçesine serediň).
10
Bakteriýalaryň ösmeginiň öňüni almak üçin doldurylýan agzynyň gapagyny açyp
goýuň.

Suw gabyny arassalamak

Eger suw gabyna iýmit bölekleri girse, indiki buglaýyşda olar suw gabyndaky gyzdyryjy
elementiň üstüne ýelmeşip bilýär. Bu bölejikler suw gabyny diňe durlamak arkaly
aýrylmaýar�
Goşmaça hökmünde, enjamyň 100% netijeli işlemegini üpjün etmek üçin her dört
hepdeden ony arassalap durmaly. Galyndylaryň emele gelmegini azaltmak üçin, enjamda
arassalanan ýa-da öňden gaýnadylan suwy ulanmak peýdaly bolar.
Suw gabyndaky iýmit bölejiklerini aýyrmak we enjamyň kesmegini aýyrmak üçin aşakdaky
kesmegi aýyrmak boýunça gözükdirijileri berjaý ediň.
1
Enjamyň öçürilendigine göz ýetiriň.
2
150 ml suwa 50 ml ak sirke (8 % limon turşusy) goşuň.
Bellik: Limon turşusy esasly kesmek aýryjylary hem ulanyp bilersiňiz. Başga görnüşli
arassalaýjylary ulanmaň.
3
Suw gabyny sirke (ýa-da limon turşusy) we suwuň ergini bilen dolduryň.
4
Suw guýulýan deşigiň gapagyny ýapyň.
5
Pyçak toplumy we gapagy bilen doly ýygnalan boş golçany (içinde hiç hili iýmit
bolmazdan) hereketlendiriji bölümine buglaýyş ýagdaýynda ýerleşdiriň (ýagny,
gapagy aşak seredip durar ýaly).
- Türkmençe 233 -

Hide quick links:

Advertisement

loading

This manual is also suitable for:

Avent scf870/20