Philips PerfectCare PSG7014/10 User Manual page 137

Table of Contents

Advertisement

Available languages
  • EN

Available languages

  • ENGLISH, page 4
2 Ütügi we suw gabyny ütügiň platformasyndan aýryň.
3 EASY DECALC nurbadyny aýryň we EASY DECALC agzyndan suwy döküň.
4 Enjamy EASY DECALC agzy ýokary seredip durar ýaly edip saklaň we çüýşe ýa-da bulgur bilen deşikden
500ml distillirlenen suw guýuň. (Şekil 20).
Bellik: Boýleri krandan akyp duran suw bilen doldurmaň.
Bellik: Enjamy egeniňizde onuň agyrdygyny göz öňünde tutuň.
Duýduryş:Ys berijili suw, guradyjy enjamdan çykan suw, sirke, krahmal, galyndyny aýyrýan serişdeler, ütük
etmekde kömekçiler, himiki taýdan galyndysy aýrylan suw ýa-da başga himikatlary ulanmaň, sebäbi olar
suwuň dammagyna, goňur tegmillere ýa-da enjamyňyza zeper ýetmegine ýol açyp biler.
5 EASY DECALC agzyny ýokary sereder ýaly edip saklaň, EASY DECALC nurbadyny ýerine dakyň we ony
berkitmek üçin sagadyň diliniň ugruna aýlaň (Şekil 21).
6 Enjamy durnukly we tekiz üstde ýerleşdiriň. Suw gabyny ýarysyna çenli dolduryň. Enjamy işlediň we 5
minut garaşyň.
7 Ütügi öňe-yza hereket etdirmek bilen galyň bir matany ütükleýän wagtyňyz bug goýberiji düwmäni 3
minutlap dowamly basyp saklaň (Şekil 22).
Duýduryş: Ütügiň dabanyndan gyzgyn, hapa suw (100-150 ml töweregi) çykýar.
8 Ütügiň dabanyndan suwuň gelmegi kesileninde arassalamagy bes ediň.
9 Ütügi ulanmaga dessine dowam edip bilersiňiz. Ulanmajak bolsaňyz, kesmegini aýyrmak
tamamlanandan soň enjamy tokdan aýryň.
Ammarda saklamak
1 Enjamy öçüriň we ony tokdan aýryň.
Bellik: Her gezek ulananyňyzdan soň suw gabyny boşatmak maslahat berilýär.
2 Ütügi onuň platformasynda ýerleşdiriň we göterileninde gulpy ýazdyrýan düwmäni basmak arkaly ony
ildiriň (Şekil 23).
3 Enjamyň doly sowamagyna maý beriň.
4 Üpjünçilik şlangasyny epläň we üpjünçilik şlangasyny üpjünçilik şlangasy saklanýan bölüme ýerleşdiriň
(Şekil 24).
5 Elektrik kabelini epläň we ony Velcro gysgyç bilen berkidiň.
6 Ütük özüniň platformasyna berkidilen wagty ütügiň sapyndan tutmak arkaly enjamy bir elde göterip
bilersiňiz.
Näsazlyklary anyklamak we çözmek
Bu bölümde enjamda öňüňize çykyp biljek umumy meseleler barada gysgaça maglumat berilýär. Aşakda
berlen maglumat bilen meseläni çözüp bilmeseňiz, köp soralýan soraglaryň sanawyny görmek üçin
www.philips.com/support salgysyna giriň ýa-da ýurduňyzdaky Müşderiler bilen işleşmek boýunça merkeze
ýüz tutuň.
Näsazlyk
Ütügiň dabanyndan hapa
suw, goňur tegmiller ýa-da
ak köpükler çykýar.
Sebäbi
Enjamyň çökündileri wagtly-wagtynda
aýrylmanlygy sebäpli onuň içinde
çökündiler ýygnanypdyr.
Suw gabyna himikatlary ýa-da
goşundylary goşupsyňyz.
Türkmençe
Çözgüt
Enjamyň we onuň dabanynyň
çökündilerini aýryň ("Arassalamak
we abatlamak" bölümine serediň).
Enjamda hiç haçan himikat ýa-da
goşundylary ulanmaň. Eger eýýäm
şeýle eden bolsaňyz, himikatlary
aýyrmak üçin "Arassalamak
we abatlamak" bölümindäki
prosedurany berjaý ediň.
139

Advertisement

Table of Contents
loading

This manual is also suitable for:

Perfectcare 7000 seriesPerfectcare psg7024/20

Table of Contents