Philips PerfectCare PSG7014/10 User Manual page 134

Table of Contents

Advertisement

Available languages
  • EN

Available languages

  • ENGLISH, page 4
Türkmençe
136
Giriş
Satyn almagyňyz bilen gutlaýarys we Philips dünýäsine hoş geldiňiz! Philips tarapyndan hödürlenilýän
goldawdan doly peýdalanmak üçin önümiňizi www.philips.com/welcome salgysynda bellige aldyryň.
Enjamy ulanmazdan ozal şu ulanyjy gollanmasyny, möhüm maglumat kagyzyny we çalt başlangyç
ýolbeledini üns bilen okaň. Olary geljekde gollanmak üçin saklaň.
Önüme umumy syn (Şekil 1)
1 Bug üpjünçilik şlangy
2 Bug goýberiji/Güýçli bug
3 Ütügiň taýýardygyny görkezýän çyra
4 Ütügiň dabany
5 Ütügiň platformasy
6 Göterileninde gulpy ýazdyrýan düwme
7 Aýryp bolýan suw gaby
8 Suw guýulýan deşik
9 Bug üpjünçilik şlangasy saklanýan bölüm
10 EASY DECALC nurbady
11 Elektrik dürtgüji bilen elektrik kabeli
12 EASY DECALC çyrasy
13 "Suw gaby boş" çyrasy
14 Enjama tok berlip durandygyny görkezýän çyraly we awto-öçürmek çyraly açýan/öçürýän düwme
Ulanyşa taýýarlamak
Ulanylmaly suwuň görnüşi
Enjamyňyz şäheriň suw ulgamyndan alnan suw bilen işlemäge niýetlenilen. Emma, ýaşaýan sebitiňizdäki
suw talh bolsa, enjamda gysga wagtda galyndylaryň toplanmagy mümkin. Şol sebäpli enjamyň hyzmat
ömrüni uzaltmak üçin distillirlenen ýa-da mineralsyzlaşdyrylan (50% mineralsyzlaşdyrylan/distillerlenen
suwy adaty suw bilen garyp ulanmak bolýar) suwy ulanmak maslahat berilýär.
Duýduryş:Ys berijili suw, guradyjy enjamdan çykan suw, sirke, krahmal, galyndyny aýyrýan
serişdeler, ütük etmekde kömekçiler, himiki taýdan galyndysy aýrylan suw ýa-da başga himikatlary
ulanmaň, sebäbi olar suwuň dammagyna, goňur tegmillere ýa-da enjamyňyza zeper ýetmegine ýol
açyp biler.
Suw gabyny doldurmak
Her gezek ulanmazdan öň ýa-da suw gabynyň boşdugyny görkezýän çyra ýananynda, suw gabyny dolduryň.
Suw gabyny enjamy ulanýan wagtyňyz islendik pursatda dolduryp bilersiňiz.
1 Suw gabyny enjamdan aýryň (Şekil 2) we ony MAX görkezijisine çenli dolduryň (Şekil 3).
2 Suw gabynyň aşaky bölegini ilki bilen enjama ýerleşdirmek arkaly suw gabyny dakyň.
3 Suw gaby ýerine ilýänçä (tykgyldy sesi) suw gabynyň depesinden basyň (Şekil 4).
Suw gaby boş çyrasy
Suw gaby boşap barýarka suw gabynyň boşdugyny görkezýän duýduryş çyra ýanyp-öçýär (Şekil 5). Suw
gabyny dolduryň we enjamyň gaýtadan gyzmagy üçin bug goýberiji düwmä basyň. Ütügiň taýýardygyny
görkezýän çyra birsyhly ýananyndan soň bug bilen ütüklemäge dowam edip bilersiňiz.

Advertisement

Table of Contents
loading

This manual is also suitable for:

Perfectcare 7000 seriesPerfectcare psg7024/20

Table of Contents