Philips PerfectCare PSG7014/10 User Manual page 136

Table of Contents

Advertisement

Available languages
  • EN

Available languages

  • ENGLISH, page 4
Türkmençe
138
Asylgy duran matalardan ýygyrtlary aýyrmak üçin bugly ütügi dik ýagdaýda ulanyp bilersiňiz.
1 Ütügi dik saklaň, bug goýberiji düwmä basyň we ütügiň dabanyny geýime çalaja degriň, ütügi ýokaryk-
aşak süýşüriň (Şekil 13).
Howpsuz görnüşde goýmak
Eşikleriňizi gaýtadan tertipleýän wagtyňyz ütügi goýmak
Eşikleriňizi gaýtadan tertipleýän wagtyňyz ütügi onuň ütük platformasynda ýa-da ütük tagtasynda
keseligine goýup bilersiňiz (Şekil 6). OptimalTEMP tehnologiýasy ütügiň dabanynyň ütük tagtasynyň
örtügine zeper ýetirmezligini üpjün edýär.
Energiýany tygşytlamak
Awto-öçürmek
-
Energiýany tygşytlamak üçin enjamyňyz 10 minutlap ulanylmasa, ol awtomatik ýagdaýda öçýär. Açýan/
öçürýän düwmäniň awto-öçüriş çyrasy ýanyp-öçüp başlaýar.
-
Enjamy gaýtadan işjeňleşdirmek üçin açýan/öçürýän düwmäni basyň. Soňra enjam gaýtadan gyzyp
başlaýar.
Duýduryş: Elektrik toguna birikdirilen enjamy hiç haçan gözegçiliksiz galdyrmaň. Ulanyp
bolanyňyzdan soň elmydama enjamy tokdan aýryň.
Arassalamak we abatlamak
Enjamdaky çökündileri aýyrmak
EASY DECALC çyrasy ýanyp-öçüp başlan dessine EASY DECALC funksiýasyny ulanmak möhümdir (Şekil 14).
Takmynan bir aý geçeninden ýa-da 10 gezek ütüklemek ýerine ýetirileninden soň enjamyň çökündilerini
aýyrmalydygyny görkezmek üçin "EASY DECALC" çyrasy ýanyp-öçüp başlaýar. Ütüklemäge dowam
etmezden ozal EASY DECALC prosedurasyny ýerine ýetiriň.
Bellik: Ulanýan suwuňyz talh bolsa, çökündileri aýyrmagy has ýygy-ýygydan ýerine ýetiriň.
Duýduryş: Ýanyklaryň öňüni almak üçin EASY DECALC prosedurasyny ýerine ýetirmezden ozal enjamy
tokdan aýryň we onuň azyndan iki sagatlap sowamagyna maý beriň. 15).
1 Elektrik dürtgüjini rozetkadan aýryň.
2 Aýryp bolýan suw gabyny aýryň (Şekil 2).
3 Ütügi özüniň platformasyndan aýryň.
4 Bug öndürijiniň esasyndan tutuň we ony çaýkaň (Şekil 16).
5 EASY DECALC nurbadyny aýryň (Şekil 17).
6 Bug öndürijiniň esasyny rakawinanyň üstünde tutuň we ony EASY DECALC agzyndan boşadyň (Şekil 18).
Bellik: Enjamy egeniňizde onuň agyrdygyny göz öňünde tutuň.
7 EASY DECALC nurbadyny ýerine dakyň we ony berkitmek üçin sagadyň diliniň ugrunda aýlaň (Şekil 19).
8 EASY DECALC prosedurasyny ýerine ýetireniňizden soň dessine ütügiňizi ulanmaga dowam edip
bilersiňiz.
Ütügiň dabanyndaky çökündileri aýyrmak
Enjamyňyzdaky çökündileri wagtly-wagtynda aýyrmasaňyz, çökündileriň bölejikleri sebäpli ütügiň
dabanyndan goňur tegmilleriň çykýandygyny görüp bilersiňiz. Aşakdaky prosedurany ýerine ýetirmek arkaly
ütügiň dabanyndaky çökündileri aýryň. Has oňat netijeleri gazanmak üçin prosedurany iki gezek ýerine
ýetirmegi maslahat berýäris.
1 Enjamyň sowukdygyna göz ýetiriň we ütügiň dabanyny çygly mata bilen arassalaň.

Advertisement

Table of Contents
loading

This manual is also suitable for:

Perfectcare 7000 seriesPerfectcare psg7024/20

Table of Contents