Download Print this page

Philips AVENT SCF883 Manual page 298

Hide thumbs Also See for AVENT SCF883:

Advertisement

Available languages
  • EN

Available languages

  • ENGLISH, page 1
- Enjama zeper ýetmeginiň öňüni almak üçin hiç haçan
golçanyň içine buglamak üçin suw ýa-da başga suwuklygy
guýmaň.
- Azyk önümini mikrotolkunly peçde ýylatmak maksady bilen
pitini ulanmazdan ozal elmydama pitiniň gapagyny aýryň.
Seresap boluň
- Beýleki öndürijilerden alnan ýa-da Philips tarapyndan ýörite
maslahat berilmeýän aksessuarlary ýa-da şaýlary hiç haçan
ulanmaň. Şeýle aksessuarlary ýa-da şaýlary ulanan halatyňyzda
size berlen kepilligiň güýji ýitýär.
- Enjamy işläp duran ýa-da henizem gyzgyn ojagyň ýa-da pejiň
üstünde goýmaň.
- Enjam gözegçiliksiz galdyryljak bolsa, esbaplary dakmazdan,
aýyrmazdan, arassalamazdan we çalşyrmazdan ozal ýa-da
ulanylýan wagty hereket edýän böleklere golaýlamazdan ozal
elmydama enjamy öçüriň we ony tokdan aýryň.
- Enjamy arassalamazdan ozal ony elmydama tokdan aýryň we
sowamagyna maý beriň.
- Her gezek buglamak, ýylatmak ýa-da buzuny eretmek ýerine
ýetirileninden soň dolandyryş nurbadyny öçürilen ýagdaýyna
(OFF) aýlaň.
- Golçany ýa-da enjamyň islendik başga bölegini (pitilerden
başga) hiç haçan mikrotolkunly peçde ulanmaň, sebäbi
golçanyň sapynyň we pyçak toplumynyň metal bölekleri şeýle
ulanmak üçin ýaramly däl.
- Golçany ýa-da enjamyň islendik başga bölegini (pitilerden
başga) hiç haçan sterilizatorda ýa-da mikrotolkunly peçde
sterilizasiýa etmäň, sebäbi golçanyň sapynyň we pyçak
toplumynyň metal bölekleri şeýle ulanmak üçin ýaramly däl.
- Enjam diňe öý şertlerinde ulanylmaga niýetlenilýär. Eger-
de enjam nädogry maksatlar üçin, professional ýa-da
ýarym-professional maksatlar üçin ulanylan bolsa, şeýle-de
ol şu ulanyjy gollanmasyndaky gözükdirijilere laýyklykda
ulanylmadyk bolsa, kepilligiň güýji ýatyrylýar we Philips ýeten
zeper üçin jogapkärçilik çekmekden ýüz öwürýär.
- Türkmençe 296 -

Advertisement

loading

This manual is also suitable for:

Avent scf885