Mazmuny
Giriş ____________________________________________________________________________________
Umumy beýany ___________________________________________________________________________
Ulanyşdan soň ___________________________________________________________________________
Laýyklyk _________________________________________________________________________________
Gaýtadan işlemek _________________________________________________________________________
Kepillik we goldaw ________________________________________________________________________
Giriş
Alan harydyňyz nesip etsin, Philips Avent dünýäsine hoş geldiňiz! Philips Avent tarapyndan hödürlenilýän
goldawdan doly peýdalanmak üçin süýt sorujyňyzy www.philips.com/mybreastpump salgysynda bellige
aldyryň.
Philips Avent ýeke/jübüt elektrikli süýt sorujy Premium Plus bäbeklerden we olaryň tebigy emiş
hereketlerinden ylham almak bilen işlenip düzüldi. Ýumşak silikon ýassyjak göwsüň ujuny mylaýym
owkalaýan hereketler bilen oýaryp, süýdi rahat we netijeli sagmagyňyza ýardam berýär. Sormak we göwsüň
ujuny oýarmak bileleşip, süýdüň çalt akmagyna itergi berýär. Öňe egilmegi talap etmeýän dizaýn süýt
sagýan wagtyňyz rahat, dik ýagdaýda oturmagyňyza mümkinçilik berýär.
Saglygy goraýyş hünärmenleri we Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy ýaşaýşyň ilkinji alty aýy boýunça
çagalary diňe göwüs süýdi bilen iýmitlendirmegi we şondan soň goşmaça iýmitleri hödürlemek bilen bir
hatarda göwüs süýdüni bermegi dowam etdirmegi maslahat berýär. Sebäbi siziň göwüs süýdüňiz
bäbegiňiziň zerurlyklary üçin ýörite laýyklanan bolup, bäbegiňizi ýokanç kesellerden we allergiýadan
goramaga ýardam berýär. Has uzak emdirmek üçin, özüňiz bäbegiň ýanynda däl wagtyňyz hem bäbegiňiziň
göwüs süýdüniň artykmaçlyklaryndan peýdalanmagy üçin süýdüňizi sagyp we saklap bilersiňiz. Sorujy
ykjam, ýuwaş we ulanmasy aňsat bolup durýandygy sebäpli ony islendik ýerde ýanyňyz bilen alyp gezip
bilersiňiz, bu bolsa süýdüňizi özüňize amatly wagty sagmaga we süýdüň gelmegini üpjün etmäge
mümkinçilik berýär.
Emdirmek oňat dowam edýän bolsa, süýt sagyp başlamazdan ozal süýdüň gelýän we bäbegiň emdirilýän
wagtlarynyň rejesi düzülýänçä (adatça çaga doglandan azyndan 2 hepdeden 4 hepdä çenli) garaşmak
maslahat berilýär (saglygy goraýyş hünärmeniňiz başgaça maslahat bermeýän bolsa).
85
85
86
86
86
89
89
93
98
98
99
101
101
102
102
103
103
105
106
106
106
109