Philips AVENT Premium Plus SCF392 Instructions Manual page 88

Single/double electric breast pump
Hide thumbs Also See for AVENT Premium Plus SCF392:
Table of Contents

Advertisement

Available languages
  • EN

Available languages

  • ENGLISH, page 1
Türkmençe
88
-
Süýt sorujy nasosyň gurluşyny üýtgetmäge rugsat berilmeýär. Gurluşyny üýtgetseňiz, size berlen kepillik
öz güýjüni ýitirer.
-
Ünssüzligiň öňüni almak üçin ukuly ýa-da ýarym ukuly wagtyňyz süýt sorujy nasosy ulanmak düýbünden
gadagan edilýär.
-
Wakumy boşatmak üçin süýt sorujy nasosy göwsüňizden aýyrmazdan ozal elmydama süýt sorujy nasosy
öçüriň.
-
Eger wakum bimaza edýän bolsa ýa-da agyrdýan bolsa, süýt sorujy nasosy öçüriň we ony göwsüňizden
aýryň.
-
Süýt sagmak başartmasa, bir gezekde bäş minutdan has köp sordurmaga dowam etmäň. Günüň
dowamynda başga bir wagt süýt sagmaga synanyşyň.
-
Eger süýt sagmak gaty bimaza edýän ýa-da agyrdýan bolsa, nasosy ulanmagy bes ediň we saglygy
goraýyş hünärmeniňiz bilen maslahatlaşyň.
Süýt sorujy nasosa zeper ýetmeginiň we onuň bozulmagynyň öňüni almak boýunça duýduryşlar:
-
Elde göterilýän radio ýygylyk (RF) aragatnaşyk enjamlaryny (mobil telefonlary, şeýle hem antenna
kabelleri we daşarky antennalar ýaly kömekçi enjamlary goşmak bilen) süýt sorujy nasosyň islendik
bölegine we onuň adapterine 30 cm aralykdan has ýakynda ulanmak bolmaýar. Beýtmek süýt sorujynyň
öndürijiligine ýaramaz täsir edip bilýär.
-
Bu enjamy başga enjamlaryň golaýynda ýa-da olar bilen üst-üste goýmak arkaly ulanmakdan gaça
durmaly, sebäbi beýtmek onuň nädogry işlemegine ýol açyp biler.
Şu enjamyň bölüp çykarýan elektromagnit tolkunlarynyň köpelmeginiň ýa-da elektromagnit
immunitetiň peselmeginiň, munuň netijesinde nädogry işlemeginiň öňüni almak boýunça duýduryş:
-
Enjam bilen üpjün edilýänden başga hiç hili adapteri ýa-da zarýad kabelini ulanmaň.
Batareýa howpsuzlyk görkezmeleri
-
Bu önümi diňe onuň niýetlenilýän maksady üçin ulanyň. Önümi we onuň batareýlerini hem-de
esbaplaryny ulanmazdan ozal şu maglumatlary üns bilen okaň hem-de geljekde gollanmak üçin olary
saklaň. Nädogry ulanyş howplara ýa-da agyr şikeslere ýol açyp biler. Enjam bilen üpjün edilýän esbaplar
dürli önümlerde dürli bolup biler.
-
Batareýe zarýad bermek üçin diňe önüm bilen üpjün edilen aýryp bolýan adapteri (S009AHz050yyyy)
ulanyň. Uzaltma kabelini ulanmaň.
-
Önümi şu ulanyjy gollanmasynda berlen tähniki häsiýetnamalarda görkezilen temperatura gerimlerinde
zarýada dakyň, ulanyň we saklaň.
-
Önümi we batareýleri otdan uzakda saklaň we olary günüň göni düşýän şöhlesine ýa-da ýokary
temperaturalara sezewar etmäň.
-
Eger önüm adatdan daşary gyzsa ýa-da ys çykarsa, onuň reňki üýtgese ýa-da zarýad almagy üçin
adatdakysyndan köp wagt gerek bolsa, onda önümi ulanmagy we oňa zarýad bermegi bes ediň we
Philips-e ýüz tutuň.
-
Önümleri we olaryň batareýlerini mikrotolkunly ojaklaryň ýa-da induksiýaly ojaklaryň içine salmaň.
-
Batareýleriň gyzmagynyň ýa-da zäherli ýa-da howply maddalary çykarmagynyň öňüni almak üçin önümi
ýa-da batareýleri açmaň, olarda üýtgeşme etmäň, olary deşmäň ýa-da olara zeper ýetirmäň. Batareýlerde
gysga utgaşma etmäň, olara aşa zarýad bermäň ýa-da ters tarapdan zarýad bermäň.
-
Batareýlere zeper ýeten bolsa ýa-da olardan suwuklyk syzyp çykýan bolsa, onuň derä ýa-da gözlere
galtaşmagyndan gaça duruň. Şeýle ýagdaý bolup geçse, dessine suw bilen oňat edip ýuwuň we
lukmançylyk kömegini alyň.
Seresap boluň
Süýt soruja zeper ýetmeginiň we onuň bozulmagynyň öňüni almak üçin ägä bolmaly zatlar:

Advertisement

Table of Contents
loading

This manual is also suitable for:

Avent premium plus scf394

Table of Contents