Laýyklyk; Esbaplary We Ätiýaçlyk Şaýlary Sargyt Etmek - Philips AVENT Premium Plus SCF392 Instructions Manual

Single/double electric breast pump
Hide thumbs Also See for AVENT Premium Plus SCF392:
Table of Contents

Advertisement

Available languages
  • EN

Available languages

  • ENGLISH, page 1
Göwüs süýdüni ýylatmak
Doňdurylan göwüs süýdüni ulanýan bolsaňyz, ýylatmazdan ozal onuň doly eremegine maý beriň.
Bellik: Bäbegiňizi gyssagly iýmitlendirmeli bolsaňuz, süýdi içi gyzgyn suwly käsede eredip bilersiňiz.
Içinde doňdurylan ýa-da sowadylan göwüs süýdi bolan çüýşäni içi gyzgyn suwly käsede ýa-da çüýşe
ýyladyjyda ýyladyň. Wint halkasyny we dukyzlaýjy diski çüýşeden aýryň.
Duýduryş: Göwüs süýdüni ýylatmak üçin mikrotolkunly ojakdan peýdalanmak
maslahat berilmeýär. Mikrotolkunlar göwüs süýdüniň hilini üýtgedip we käbir peýdaly
iýmit maddalaryny ýok edip hem-de käbir bölekleriň çendenaşa gyzmagyna ýol açyp
biler. Göwüs süýdüni mikrotolkunly ojakda ýyladýan bolsaňyz, wint halkasyz, emziksiz
we gapaksyz gaby mikrotolkunly ojaga salyň. Gyzgynlygyň deň ýaýramagy üçin
elmydama ýyladylan göwüs süýdzni bulaň we bäbege hödürlemezden ozal süýdüň
temperaturasyny barlaň.
Bäbegiňiz üçin dogry emzigi saýlamak
Philips Avent Natural emzikleriň gapdalynda aýylsaýyl görkezilen belgi akymyň tizligini aňladýar. Goşmaça
maglumat üçin serediň www.philips.com/avent.
Çüýşeleri saklamak
-
Ähli şaýlary gurak, arassa we üsti örtülen gapda saklaň.
-
Iýmitlendiriş emzigini günüň göni düşýän şöhlesinde ýa-da gyzgynyň täsirinde galdyrmaň ýa-da maslahat
berilýäninden has uzak wagtlap zyýansyzlandyryş serişdesiniň içinde goýmaň, sebäbi beýtmek önüme
zeper ýetirip biler.
-
Arassaçylygy üpjün etmek üçin emzikleri 3 aýda bir çalşyrmagy maslahat berýäris.
Laýyklyk
Philips Avent ýeke/jübüt elektrikli süýt sorujy nasos Premium Plus Philips Avent Natural önüm gerimindäki
ähli bäbek çüýşeleri we adapterli Philips Avent saklaýyş käseleri bilen sazlaşykly işleýär. Süýt sorujy nasos
bilen Philips Avent Natural aýna çüýşeleri ulanmak maslahat berilmeýär.
Esbaplary we ätiýaçlyk şaýlary sargyt etmek
Esbaplary ýa-da ätiýaçlyk şaýlary satyn almak üçin www.philips.com/support salgysyna giriň ýa-da ýerli
Philips dileriňize baryň. Şeýle hem öz ýurduňyzdaky Philips Müşderiler bilen işleşmek boýunça merkezine ýüz
tutup bilersiňiz.
Philips Avent Natural emzikleri akymyň dürli tizlikleri bilen elýeter bolup durýar.
Süýt sorujy nasos 1 belgili emzik bilen gelýär. Bu + aýlyk bäbekler üçin niýetlenilen
bolup, täze doglan we ähli ýaşlardaky göwüsden iýmitlendirilýän bäbekler üçin
ýerlikli bolup durýar.
Bäbegiňiz ýygy-ýygydan demigýän bolsa, emýän wagty agzyndan süýdüň
damjalary dökülýän bolsa ýa-da içiş tizligine uýgunlaşmakda kynçylyk çekýän
bolsa, akymyň tizligini pesräk edip saýlaň. Bäbegiňiz iýmitlenýän wagty uklap
galýan bolsa, gaharlanýan bolsa ýa-da iýmitlendirmek juda köp wagt alýan bolsa,
ýokary akym tizligini ulanyň.
Türkmençe
101

Advertisement

Table of Contents
loading

This manual is also suitable for:

Avent premium plus scf394

Table of Contents