Philips AVENT Plus SCF391 User Manual page 90

Single/double electric breast pump
Table of Contents

Advertisement

Available languages
  • EN

Available languages

  • ENGLISH, page 1
Türkmençe
90
5. Gapagy aýyrmak üçin
eliňizi gapagyň üstüne
we başam barmagyňyzy
gapagyň gädigine
goýuň.
Göwüs süýdüni ýylatmak
Doňdurylan göwüs süýdüni ulanýan bolsaňyz, ýylatmazdan ozal onuň doly eremegine maý beriň.
Bellik: Bäbegiňizi gyssagly iýmitlendirmeli bolsaňuz, süýdi içi gyzgyn suwly käsede eredip bilersiňiz.
Içinde doňdurylan ýa-da sowadylan göwüs süýdi bolan çüýşäni içi gyzgyn suwly käsede ýa-da çüýşe
ýyladyjyda ýyladyň. Wint halkasyny we dukyzlaýjy diski çüýşeden aýryň.
Duýduryş: Göwüs süýdüni ýylatmak üçin mikrotolkunly ojakdan peýdalanmak
maslahat berilmeýär. Mikrotolkunlar göwüs süýdüniň hilini üýtgedip we käbir peýdaly
iýmit maddalaryny ýok edip hem-de käbir bölekleriň çendenaşa gyzmagyna ýol açyp
biler. Göwüs süýdüni mikrotolkunly ojakda ýyladýan bolsaňyz, wint halkasyz, emziksiz
we gapaksyz gaby mikrotolkunly ojaga salyň. Gyzgynlygyň deň ýaýramagy üçin
elmydama ýyladylan göwüs süýdzni bulaň we bäbege hödürlemezden ozal süýdüň
temperaturasyny barlaň.
Bäbegiňiz üçin dogry emzigi saýlamak
Philips Avent Natural emzikleriň gapdalynda aýylsaýyl görkezilen belgi akymyň tizligini aňladýar. Goşmaça
maglumat üçin serediň www.philips.com/avent.
Çüýşeleri saklamak
-
Ähli şaýlary gurak, arassa we üsti örtülen gapda saklaň.
-
Iýmitlendiriş emzigini günüň göni düşýän şöhlesinde ýa-da gyzgynyň täsirinde galdyrmaň ýa-da maslahat
berilýäninden has uzak wagtlap zyýansyzlandyryş serişdesiniň içinde goýmaň, sebäbi beýtmek önüme
zeper ýetirip biler.
Philips Avent Natural emzikleri akymyň dürli tizlikleri bilen elýeter bolup durýar.
Süýt sorujy nasos 1 belgili emzik bilen gelýär. Bu + aýlyk bäbekler üçin niýetlenilen
bolup, täze doglan we ähli ýaşlardaky göwüsden iýmitlendirilýän bäbekler üçin
ýerlikli bolup durýar.
Bäbegiňiz ýygy-ýygydan demigýän bolsa, emýän wagty agzyndan süýdüň
damjalary dökülýän bolsa ýa-da içiş tizligine uýgunlaşmakda kynçylyk çekýän
bolsa, akymyň tizligini pesräk edip saýlaň. Bäbegiňiz iýmitlenýän wagty uklap
galýan bolsa, gaharlanýan bolsa ýa-da iýmitlendirmek juda köp wagt alýan bolsa,
ýokary akym tizligini ulanyň.

Advertisement

Table of Contents
loading

This manual is also suitable for:

Avent plus scf393

Table of Contents