Philips AVENT Plus SCF391 User Manual page 79

Single/double electric breast pump
Table of Contents

Advertisement

Available languages
  • EN

Available languages

  • ENGLISH, page 1
-
Hapalanmagyň öňüni almak üçin süýt sorujynyň şaýlaryna we göwsüňize eliňizi degirmezden ozal
elleriňizi sabyn we suw bilen oňat edip ýuwuň. Gaplaryň ýa-da gapaklaryň iç ýüzüni ellemekden gaça
duruň.
Göwse we onuň ujuna dahylly meseleleriň, olarda agyrynyň öňüni almak üçin duýduryşlar:
-
Silikon diafragma zeper ýeten ýaly görünýän bolsa ýa-da ol döwlen bolsa, süýt sorujyny ulanmaň.
Ätiýaçlyk şaýlary edinmek barada maglumat üçin "Esbaplary we ätiýaçlyk şaýlary sargyt etmek" bölümine
serediň.
-
Diňe Philips Avent tarapyndan maslahat berilýän esbaplary we şaýlary ulanyň.
-
Süýt sorujynyň motor bölüminde ulanyjynyň abatlap biljek şaýlary ýok.
-
Süýt sorujy nasosyň gurluşyny üýtgetmäge rugsat berilmeýär. Gurluşyny üýtgetseňiz, size berlen kepillik
öz güýjüni ýitirer.
-
Ünssüzligiň öňüni almak üçin ukuly ýa-da ýarym ukuly wagtyňyz süýt sorujy nasosy ulanmak düýbünden
gadagan edilýär.
-
Wakumy boşatmak üçin süýt sorujy nasosy göwsüňizden aýyrmazdan ozal elmydama süýt sorujy nasosy
öçüriň.
-
Eger wakum bimaza edýän bolsa ýa-da agyrdýan bolsa, süýt sorujy nasosy öçüriň we ony göwsüňizden
aýryň.
-
Süýt sagmak başartmasa, bir gezekde bäş minutdan has köp sordurmaga dowam etmäň. Günüň
dowamynda başga bir wagt süýt sagmaga synanyşyň.
-
Eger süýt sagmak gaty bimaza edýän ýa-da agyrdýan bolsa, nasosy ulanmagy bes ediň we saglygy
goraýyş hünärmeniňiz bilen maslahatlaşyň.
Süýt sorujy nasosa zeper ýetmeginiň we onuň bozulmagynyň öňüni almak boýunça duýduryşlar:
-
Elde göterilýän radio ýygylyk (RF) aragatnaşyk enjamlaryny (mobil telefonlary, şeýle hem antenna
kabelleri we daşarky antennalar ýaly kömekçi enjamlary goşmak bilen) süýt sorujy nasosyň islendik
bölegine we onuň adapterine 30 cm aralykdan has ýakynda ulanmak bolmaýar. Beýtmek süýt sorujynyň
öndürijiligine ýaramaz täsir edip bilýär.
-
Bu enjamy başga enjamlaryň golaýynda ýa-da olar bilen üst-üste goýmak arkaly ulanmakdan gaça
durmaly, sebäbi beýtmek onuň nädogry işlemegine ýol açyp biler.
Şu enjamyň bölüp çykarýan elektromagnit tolkunlarynyň köpelmeginiň ýa-da elektromagnit
immunitetiň peselmeginiň, munuň netijesinde nädogry işlemeginiň öňüni almak boýunça duýduryş:
-
Enjam bilen üpjün edilýänden başga hiç hili adapteri ýa-da zarýad kabelini ulanmaň.
Seresap boluň
Süýt soruja zeper ýetmeginiň we onuň bozulmagynyň öňüni almak üçin ägä bolmaly zatlar:
-
Adapteriň we motor bölüminiň suw bilen galtaşmagynyň öňüni alyň.
-
Motor bölümini ýa-da adapteri hiç haçan suwuň ýa-da gap-gaç ýuwujynyň içine salmaň, sebäbi beýtmek
şol şaýlara hemişelik zeper ýetirýär.
-
Çendenaşa gyzmagynyň we şekliniň üýtgemeginiň öňüni almak üçin adapteri hem-de silikon turbalary
gyzgynlygyň çeşmelerinden uzakda saklaň.
Türkmençe
79

Advertisement

Table of Contents
loading

This manual is also suitable for:

Avent plus scf393

Table of Contents