Download Print this page

Philips AVENT SCD841 Manual page 331

Hide thumbs Also See for AVENT SCD841:

Advertisement

Available languages
  • EN

Available languages

  • ENGLISH, page 1
ULANYŞ USULY / BLOKLARY BIRIKDIRMEK
Näme üçin ene-ata
blogunyň zarýad alyş
wagty 3 sagatdan
geçýär?
Näme üçin çaga bloguny
we onuň şnuruny
çagamdan azyndan
1 metr / 3,5 fut uzakda
saklamaly?
Ene-ata blogundaky
dürli ulanyjy tertipleriniň
aratapawudy näme:
Video, Audio, VOX we
ECO?
Ene-ata blogunyň zarýad alyp durka işledilen bolmagy mümkin. Zarýad
alyş wagtyny azaltmak üçin, zarýad alyp durka, ene-ata bloguny öçüriň.
Ene-ata blogunyň displeýi yzygiderli açyk duran wagty, ene-ata blogunyň
zarýad almagy has uzaga çekýär.
Belki, zarýad berlende temperatura aňry çäkden geçendir we howpsuzlyk
goragy mehanizmi hökmünde, zarýad bermek togtadylandyr. Zarýad
bermäge dowam etmek üçin, zarýad beriş stansiýasyny radiatorlar,
ýyladyş batareýalary, peç ýaly gyzgynlyk çeşmelerinden we ýylylyk
öndürýän başga enjamlardan (şol sanda güýçlendirijilerden) uzaga
geçiriň.
Şnur bilen bogulmakdan gaça durmak we optimal ses anyklamak üçin,
çaga bloguny we onuň şnuruny hemişe çagadan 1 metr / 3,5 fut uzakda
saklaň.
Çaga gözegçiňizdäki elýeterli tertipler barada düşündiriş üçin, aşakdaky
sanawa serediň.
* VIDEO tertibi: ene-ata blogunyň ekrany we sesi hemişe açyk bolýar.
* AUDIO tertibi: diňe audio işjeňleşer. AUDIO tertibi işjeňleşen wagty,
ene-ata blogunyň displeýi öçýär. Bag çyrasy ene-ata blogunyň henizem
açykdygyny we çaga bloguna birigendigini görkezýär. Çaga blogundan
ses eşidilse, ekranyň ýokarsyndaku sesiň derejesini görkezýän çyralar ýaşyl
reňkde ýanýar. Gepleşik, hüwdi, menýu we duýgurlyk düwmeleri arkaly,
çaga blogy bilen ähli adaty aragatnaşyk elýeterli bolýar.
* VOX tertibi: Eger 20 sekuntlap ses anyklanmasa (ýa-da duýgurlyk
sazlamasyndan ýokarda ýeterlik ses bolmasa), ene-ata blogunyň displeýi
we sesi öçýär. Çagaňyz aglanda we duýgurlyk bosagasyndan geçilende,
displeý hem, ses hem dessine işjeňleşer. Ses bellenilen ses bosagasyndan
pese düşende, wideo 20 sekunt işjeň bolup galar. Dolandyryş
düwmeleriniň (ýagtylyk ýa-da ses) biri basylanda, enjam takmynan
5 sekuntlap wideo görkezer. Hüwdi menýusyna hem girip bolýar.
* ECO tertibi: Eger 20 sekuntlap ses anyklanmasa, ene-ata blogunyň
displeýi we sesi öçýär. ECO tertibi asuda sagatlarda energiýa ulanmagy
azaldýar we sizi çagaňyza birigilgi saklaýar. ECO tertibinde ECO LED
çyrasy ýaşyl bolýar, enjam bolsa, başgaça bir birikme tertibinde işleýär.
ECO tertibinde ene-ata blogy çaga blogy bilen birikmäni barlamak
üçin, yzygiderli radioýygylyk birikmesine derek, 2 sekuntlyk barlag
mehanizminden peýdalanýar. Şol sebäpli Çaga blogy ECO tertibinde az
energiýa hem sarp edýär.
- Türkmençe 329 -

Advertisement

loading

This manual is also suitable for:

Avent scd843Avent scd845Avent scd845/52