Download Print this page

Philips AVENT SCD841 Manual page 306

Hide thumbs Also See for AVENT SCD841:

Advertisement

Available languages
  • EN

Available languages

  • ENGLISH, page 1
Duýduryş
-
Enjamy toga dakmazdan ozal adapterde görkezilen güýjenmäniň ýerli
elektrik ulgamyndaky güýjenme bilen gabat gelýändigini barlaň.
-
Adapteriň we onuň kabeliniň hiç bir bölegini üýtgetmäň ýa-da
kesmäň, sebäbi şeýle etmeklik howply ýagdaýa sebäp bolýar.
-
Diňe enjam bilen üpjün edilen adapteri ulanyň.
-
Adaptere zeper ýeten bolsa, howpuň öňüni almak üçin ony elmydama
hakyky görnüşli adapter bilen çalşyryň.
-
Enjamy 8 ýaşyny dolduran we has uly ýaşly çagalar, şeýle hem enjamy
howpsuz görnüşde ulanmak boýunça gözükdirijiler berlen ýa-da
howpsuz ulanmak boýunça gözegçilik astyndaky we degişli howplar
özlerine mälim edilen ýagdaýynda fiziki, duýgurlyk ýa-da zehin
ukyplary pes ýa-da tejribesi we bilimi bolmadyk şahslar hem ulanyp
biler. Çagalar enjam bilen oýnamaly däl. Çagalar gözegçilik astynda däl
wagty enjamda arassaçylyk we ulanyjy tarapyndan geçirilmäge degişli
abatlaýyş işlerini geçirmeli däl.
-
Elektrik kabeliniň üstünden ýörelmegine ýol bermäň ýa-da elektrik
dürtgüçlerinden, elektrik rozetkalaryndan we enjamdan çykýan
ýerlerinde kabeliň bükülmegine ýol bermäň.
-
Çaga gözegçisini onuň elektrik kabeli gapynyň girelgesine ýa-da
geçelgä päsgel bermez ýaly ýerleşdirendigiňize göz ýetiriň. Çaga
gözegçisini stoluň ýa-da pes şkafyň üstünde goýsaňyz, elektrik
kabeliniň stoluň ýa-da şkafyň erňeginden sallanyp durmagyna ýol
bermäň. Elektrik kabeliniň poluň üstünde adamlaryň büdremegine
sebäp bolup biljek görnüşde durmaýandygyna göz ýetiriň.
-
Gaplama materiallaryny (plastik haltajyklar, karton buferler we ş.m.)
çagalaryň eli ýetmejek ýerde saklaň, sebäbi olar oýunjak däl.
-
Tok urmagynyň öňüni almak üçin çaga enjamynyň ýa-da ene-ata
enjamynyň korpusyny açmaň.
Batareýiň howpsuzlygy boýunça gözükdirijiler
-
Şu önümi diňe onuň niýetlenilýän maksady boýunça ulanyň we şu
ulanyjy gollanmasynda beýan edilen umumy gözükdirijileri hem-de
batareý howpsuzlygy boýunça gözükdirijileri berjaý ediň. Islendik
görnüşde nädogry ulanmak tok urmagyna, ýanyklara, ýangynyň
döremegine we başga howplara ýa-da şikes ýetmegine sebäp bolup
biler�
-
Batareýe zarýad bermek üçin diňe önüm bilen üpjün edilen aýryp
bolýan tok üpjünçilik enjamyny ulanyň. Hiç hili uzaltma kabelinden
peýdalanmaň.
-
Önüme 0 °C bilen 40 °C arasyndaky temperaturada zarýad beriň, ony
şol temperatura aralygynda ulanyň we saklaň.
-
Önüme doly zarýad berleninde elmydama ony tokdan aýryň.
-
Önümleri we olaryň batareýlerini ýakmaň hem-de olary günüň göni
düşýän şöhlesine ýa-da ýokary temperaturalara sezewar etmäň (mysal
üçin, gyzgyn awtoulaglaryň içinde ýa-da gyzgyn ojaklaryň golaýynda).
Batareýler çendenaşa gyzsa, partlap bilýär.
- Türkmençe 304 -

Advertisement

loading

This manual is also suitable for:

Avent scd843Avent scd845Avent scd845/52