Philips HI5920/20 User Manual page 94

Table of Contents

Advertisement

Available languages
  • EN

Available languages

  • ENGLISH, page 4
Türkmençe
96
Bug berip başlamak üçin bug goýberiji düwmäni basyp saklaň. Ütüklemekde iň oňat netijeleri gazanmak
üçin bug bilen ütükläniňizden soň ütügi birnäçe gezek bugsuz degriň.
Awto-öçürmek tertibi
Şu seriýadaky belli modellerde awto-öçürmek tertibi bar.
-
Energiýany tygşytlamak üçin enjamyňyz 5 minutlap ulanylmasa, ol awtomatik ýagdaýda öçýär. Ütügiň
taýýardygyny görkezýän çyra ýanyp-öçýär.
-
Enjamy gaýtadan işjeňleşdirmek üçin açýan/öçürýän düwmäni "off" (Öçürilen) ýagdaýyna, soňra "on"
(Açyk) ýagdaýyna eltiň. Soňra enjam gaýtadan gyzyp başlaýar.
Arassalamak we abatlamak
Smart Calc-Clean ulgamy
Kesmegi aýyrmagyň we arassaçylygyň yzygiderli ýerine ýetirilmegini üpjün etmek üçin enjamyňyz Smart
Calc-Clean ulgamy bilen işlenip düzülen. Bu enjamdan güýçli buguň öndürilmegini üpjün etmäge we
wagtyň geçmegi bilen ütügiň dabanyndan hapalaryň hem-de tegmilleriň çykmagynyň öňüni almaga
ýardam berýär. Arassaçylyk işiniň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek maksady bilen bug öndüriji belli aralyklar
bilen ulanyja ýatladýar.
Sesli we çyraly Calc-Clean ýatladyjysy
1 - 3 aýlap ulanylanyndan soň Calc-Clean çyrasy ýanyp-öçüp başlaýar we enjam Calc-Clean işini ýerine
ýetirmelidigiňizi ýatlatmak üçin sesli duýduryş berip başlaýar (Şekil 3).
Peýdaly maslahat: Bug goýberiji düwmä basmazdan gurulygyna ütüklemäge dowam edip bilersiňiz.
Mundan başga-da, bug öndürijini çökündilerden goramagyň ikinji gorag ädimi hem ornaşdyrylan:
çökündileri aýyrmak ýerine ýetirilmese, bug funksiýasy işlemän galýar. Çökündileri aýyrmak ýerine
ýetirileninden soň bug funksiýasy gaýtadan işläp başlaýar. Bu, ulanylýan suwuň görnüşine garamazdan
bolup geçýär.
Bellik: Çökündileri aýyrmak funksiýasyny islendik wagt, hatda sesli duýduryş we ýatladyjy çyra heniz
ýanmadyk bolsa hem ulanyp bolýar.
Calc-Clean gaby bilen çökündileri aýyrmagy ýerine ýetirmek
Duýduryş: Çökündiler arassalanýan wagty enjamy gözegçiliksiz galdyrmaň.
Seresap boluň: Ütügi çökündileri aýyrmakda ulanylýan gapdan ýokary götermek arkaly işiň arasyny
bölmäň, ýogsam ütügiň dabanyndan gyzgyn suw we bug çykar.
1 Suw gabyny ýarysyna çenli dolduryň (Şekil 4).
Bellik: Çökündileri aýyrmak ýerine ýetirilýärkä enjamyň toga dakylandygyna we IŞLEDILENDIGINE göz
ýetiriň.
2 Çökündileri aýyrmakda ulanylýan gaby ütük tagtasynyň üstünde ýa-da başga bir tekiz, durnukly ýerde
ýerleşdiriň.
3 Ütügi çökündileri aýyrmakda ulanylýan gabyň üstünde durnukly görnüşde ýerleşdiriň (Şekil 5).
Bellik:Çökündileri aýyrmakda ulanylýan gap çökündiler aýrylýan wagty çykýan çökündi bölejiklerini
we gyzgyn suwy ýygnamaga niýetlenilen. Çökündileri aýyrmak ýerine ýetirilýän wagty ütügi şu gabyň
üstünde goýmak bütinleý howpsuz bolup durýar.
4 Gysga sesli duýduryşlary eşidýänçäňiz Calc-Clean düwmesini 2 sekuntlap basyp saklaň (Şekil 6).
5 Çökündileri aýyrmak ýerine ýetirilýärkä gysga sesli duýduryşlary we nasosyň sesini eşidersiňiz (Şekil 7).

Advertisement

Table of Contents
loading

This manual is also suitable for:

Hi5919/30Hi5912/30

Table of Contents