Philips Azur Elite GC5030 Series User Manual page 130

Hide thumbs Also See for Azur Elite GC5030 Series:
Table of Contents

Advertisement

Available languages
  • EN

Available languages

  • ENGLISH, page 4
Quick Calc Release (diňe belli görnüşler)
MÖHÜM: Quick Calc Release ütük edilýän wagty gowşak çökündi bölejiklerini awtomatik usulda ýygnaýar.
1 - 3 aý ulanylanyndan soň çökündileri aýyrmalydygyny ýatladýan çyra ýanyp-öçüp başlamak bilen size Quick
Calc Release funksiýasyny ulanmagy ýatladýar (Şekil 2-1). Bu ütügiň hyzmat ömrüni uzaltmak maksady bilen
onda ýygnanan çökündileri aýyrmak üçin. Çökündileri aýyrmalydygyny ýatladýan çyra ýanyp-öçýän bolsa,
ütük gyzmaýar.
Peýdaly maslahat: Quick Calc Release funksiýasyny islendik wagt, hatda ýatladyjy çyra heniz ýanmadyk
bolsa hem ulanyp bolýar. Ýaşaýan sebitiňizdäki suw talh bolsa, funksiýany has ýygy ulanyň.
Ütük gyzgyn wagty Quick Calc Release ýerine ýetirmäň. Quick Calc Release agzyna suw guýmaň.
1 Enjamy tokdan aýryň (Şekil 2-2) we enjamyň sowukdygyna göz ýetiriň (Şekil 2-3).
2 Enjamy rakawinanyň üstünde dik tutuň.
3 Quick Calc Release ýygnaýjysynyň ryçagyny (Şekiller 2-4) ýokary ediň we ýygnaýjyny çekip çykaryň
(Şekiller 2-5).
4 Quick Calc Release ýygnaýjysyny suw bilen arassalaň (Şekil 2-6, Şekil 2-7).
5 Çökündi bölejikleriniň gaçmagy üçin enjamy emaý bilen çaýkaň (Şekil 2-8).
6 Quick Calc Release ýygnaýjysyny enjamdaky ýerine dakyň (Şekil 2-10).
7 Ýygnaýjyny ýerine ildirmek üçin ryçagy aşak basyň (tykgyldy sesi) (Şekil 2-11).
Calc-Clean (diňe belli görnüşler)
MÖHÜM: 1 - 3 aý ulanylanyndan soň çökündileri aýyrmalydygyny ýatladýan çyra ýanyp-öçüp başlamak bilen
size çökündileri aýyrmak funksiýasyny ulanmagy ýatladýar (Şekil 3-1). Bu ütügiň hyzmat ömrüni uzaltmak
maksady bilen çökündileri aýyrmak üçin.
Peýdaly maslahat: Çökündileri aýyrmak funksiýasyny islendik wagt, hatda ýatladyjy çyra heniz ýanmadyk
bolsa hem ulanyp bolýar. Ýaşaýan sebitiňizdäki suw talh bolsa, funksiýany has ýygy ulanyň.
1 Bugy düzýän taýgyjyň "bug öçürilen" ýagdaýyndadygyna göz ýetiriň.
2 Suw gabynda ýeterlik suwuň bardygyna (3/4-den köp) göz ýetiriň. Ýeterlik suw ýok bolsa, ütügi tokdan
aýryň, MAX görkezijisine çenli suw guýuň (Şekil 3-2) we ütügi gaýtadan toga dakyň (Şekil 3-3).
Suw gabyna sirke ýa-da çökündileri aýyrýan başga serişdeleri guýmaň.
3 Ütük gyzýança garaşyň. Bu takmynan 2 minut wagt alýar (Şekil 3-3).
Bellik: ütük gyzýan wagty çökündileri aýyrmagy ýatladýan çyra öçýär.
4 Ütügiň taýýardygyny görkezýän çyra ýanyp-öçmegini bes edeninde ütügi tokdan aýryň (Şekil 3-4).
5 Ütügi rakawinanyň üstünde tutuň. Suw gabyndaky suwuň hemmesi ulanylýança Calc-Clean düwmesini
basyp saklaň hem-de ütügi öňe-yza emaý bilen çaýkaň (Şekil 3-5).
Çökündiler ýuwlup aýrylýan wagty ütügiň dabanyndan bug we gaýnap duran suw hem çykýar.
Bellik: Enjamdan çykýan suwda çökündileriň bölejikleri henizem bar bolsa, 2 - 5 arasyndaky ädimleri
gaýtadan ýerine ýetiriň.
6 Enjamy toga dakyň we dabanynyň guramagy üçin enjamyň gyzmagyna maý beriň. Bu takmynan 2 minut
wagt alýar (Şekil 3-6).
7 Enjamy tokdan aýryň. Enjamyň dabanynda galan bolmagy mümkin suw tegmillerini aýyrmak üçin enjamy
bir eşigiň üstünde haýaljakdan süýşüriň (Şekil 3-7).
TÜRKMENÇE
133

Hide quick links:

Advertisement

Table of Contents
loading

This manual is also suitable for:

Azur elite gc5034/20

Table of Contents