Türkmençe - Philips XB9185 Manual

Hide thumbs Also See for XB9185:
Table of Contents

Advertisement

Available languages
  • EN

Available languages

  • ENGLISH, page 1
Giriş
Alan harydyňyz nesip etsin, Philips-e hoş geldiňiz! Philips-iň hödürleýän goldawyndan doly
peýdalanmak üçin önümiňizi www.philips.com/MyVacuumCleaner salgysynda bellige aldyryň.
Möhüm howpsuzlyk maglumaty
Enjamy ulanmazdan ozal şu maglumatlary üns bilen okaň hem-de geljekde gollanmak üçin olary
saklaň.
Howp
- Hiç haçan suwy ýa-da başga suwuklyklary, ýanyjy maddalary ýa-da gyzgyn küli sordurmaň.
Duýduryş
- Enjamy toga dakmazdan ozal enjamda görkezilen güýjenmäniň ýerli elektrik ulgamynyň
güýjenmesine gabat gelýändigini barlaň.
- Elektrik dürtgüjine, elektrik kabeline ýa-da enjamyň özüne zeper ýeten bolsa, enjamy ulanmaň.
- Elektrik kabeline zeper ýeten bolsa, howpuň öňüni almak üçin onuň Philips tarapyndan, Philips
ygtyýarly tehniki hyzmat merkezi ýa-da şoňa meňzeş ygtyýarly şahslar tarapyndan çalşyrylmagyny
üpjün etmeli.
- Şlangy, turbany ýa-da islendik başga esbaby gözleriňize ýa-da gulaklaryňyza gönükdirmäň ýa-da
agzyňyza salmaň.
- Enjamy arassalamazdan ýa-da abatlamazdan ozal elektrik dürtgüjini elektrik rozetkasyndan
aýyrmaly.
- Enjamy transformator bilen bilelikde ulanmaň, sebäbi beýtmek howply ýagdaýlara ýol açyp bilýär.
- Enjamy 8 ýaşyny dolduran we has uly ýaşly çagalar, şeýle hem enjamy howpsuz görnüşde ulanmak
boýunça gözükdirijiler berlen ýa-da howpsuz ulanmak boýunça gözegçilik astyndaky we degişli
howplar özlerine mälim edilen ýagdaýynda fiziki, duýgurlyk ýa-da zehin ukyplary pes ýa-da
tejribesi we bilimi bolmadyk şahslar hem ulanyp biler. Çagalar enjam bilen oýnamaly däl. Çagalar
gözegçilik astynda däl wagty enjamda arassaçylyk we ulanyjy tarapyndan geçirilmäge degişli
abatlaýyş işlerini geçirmeli däl.
- Bu tozan sorujy diňe öý hojalygynda ulanylmaga niýetlenilýär. Şu tozan sorujyny zir-zibili, sementiň
tozanyny, ownuk çägäni, heki we şoňa meňzeş maddalary sordurmak üçin ulanmaň. Süzgüçleriň
haýsydyr birini dakmazdan hiç haçan tozan sorujyny ulanmaň. Beýtmek onuň motoryna zeper
ýetirip we tozan sorujynyň hyzmat ömrüni gysgaldyp biler. Tozan sorujynyň ähli böleklerini
elmydama ulanyjy gollanmasynda görkezilişi ýaly arassalaň. Ulanyjy gollanmasynda ýörite
görkezilmedik bolsa, hiç bir şaýy suw we/ýa-da arassaçylyk serişdeleri bilen arassalamaň.
Seresap boluň
- Eger ýuwup bolýan süzgüji suw bilen ýuwsaňyz, ony enjama gaýtadan dakmazdan ozal onuň doly
gurandygyna göz ýetiriň. Süzgüji günüň göni düşýän şöhlesiniň astynda, ýyladyjyda ýa-da guradyjy
maşynda guratmaň. Ýuwup bolýan süzgüji talabalaýyk arassalap bolmaýan bolsa ýa-da oňa zeper
ýeten bolsa, süzgüji çalşyryň.
- Tozan sorujynyň tozany özünde saklaýşyny we öndürijiligini kepillendirmek üçin süzgüçleri
elmydama dogry görnüşli hakyky Philips süzgüçleri bilen çalşyryň (Ser. 'Esbaplary sargyt etmek').
- TriActive LED nasadkasynda LED çyralar bar. Çyranyň çeşmesine gönümel seretmäň (Sur. 1).
- LED çyralary gönümel adamlaryň ýa-da öý haýwanlarynyň gözüne tutmaň.
- Nasadkalary suw ýa-da arassaçylyk serişdeleri bilen arassalamaň.
Türkmençe
Türkmençe
15

Hide quick links:

Advertisement

Table of Contents
loading

Table of Contents