Seresap Boluň - Philips AVENT SCF293 Manual

Hide thumbs Also See for AVENT SCF293:
Table of Contents

Advertisement

Available languages
  • EN

Available languages

  • ENGLISH, page 1
- Enjam işleýän wagty örän gyzgyn bolýar we oňa degilse,
ýanyklara sebäp bolup bilýär�
- Gapakdaky agyzdan çykýan gyzgyn bugdan ýa-da gapagy
aýranyňyzda çykýan bugdan ägä boluň. Bug ýanyklara sebäp
bolup bilýär�
- Enjam işläp durka ýa-da işläniniň yzysüre onuň esasyny,
sebetleri ýa-da gapagy ellemäň, sebäbi olar örän gyzgyn
bolýar. Diňe tutawajyndan tutmak arkaly ýokary galdyryň.
- Enjam işläp durka ýa-da onuň içindäki suw henizem gyzgyn
wagty enjamy süýşürmäň ýa-da açmaň.
- Enjam işläp durka onuň üstünde hiç zat goýmaň.
- Diňe hiç hili goşundysyz suwy ulanyň.
- Enjamyň içine agardyjy ýa-da başga himiklatlary salmaň.
- Suw gabyna 130 ml möçberinden artyk suw guýmaň.
- Diňe bäbekleriň çüýşelerini we sterilizasiýa edilmäge degişli
beýleki zatlary sterilizläň. Sterilizlemek isleýän zatlaryňyzyň
sterilizatorlara laýyk gelýändigini anyklamak üçin, ulanyjy
gollanmasyny barlaň.
- Işi duruzmak isleseňiz, enjamy öçürmek üçin açýan / öçürýän
düwmesini basyň.
- Enjam diňe öý şertlerinde ulanylmaga niýetlenilýär.
- Şikes ýetmäniň öňüni almak üçin sterilizatory niýetlenilýän
ulanyşyndan başga maksatlar üçin ulanmaň.
Seresap boluň
- Beýleki öndürijilerden alnan ýa-da Philips tarapyndan ýörite
maslahat berilmeýän aksessuarlary ýa-da şaýlary hiç haçan
ulanmaň. Şeýle aksessuarlary ýa-da şaýlary ulanan halatyňyzda
size berlen kepilligiň güýji ýitýär.
- Enjamy çendenaşa gyzgyna ýa-da günüň göni düşýän
şöhlesine sezewar etmäň.
- Enjamy süýşürmezden ýa-da ammarda saklamazdan ozal
elmydama onuň sowamagyna maý beriň.
- Ulanylýan wagty elýeter ýüzleri gyzgyn bolup biler.
- Türkmençe 171 -

Hide quick links:

Advertisement

Table of Contents
loading

This manual is also suitable for:

Avent scf293/00

Table of Contents