Saeco SM6685/00 User Manual page 548

Table of Contents

Advertisement

Available languages
  • EN

Available languages

  • ENGLISH, page 6
548
Türkmençe
Sebitiňizdäki suw talhlygyny kesgitlemek üçin, gutuda berlen suw talhlygy synag
zolajygyny ulanyň:
1 Suw talhlygy synag zolajygyny kranyň suwuna çümdüriň ýa-da ony kranyň aşagynda 1 sekunt saklaň (Sur.
10).
2 1 minut garaşyň. Synag zolajygyndaky gyzyla öwrülen kwadratlaryň sany suwuň talhlygyny görkezýär
(Sur. 11).
Gaýnadyjyny dogry suw talhlygyna belläň:
1 Sazlamalar
şekiljigine degiň we "Suwuň talhlygyny" saýlamak üçin çepden saga tarap gaýdyryň.
2 Suwuň talhlygynyň derejesini saýlaň. Displeýde saýlanylan gyzyl inedördülleriň sany bilen synag
zolajygyndaky gyzyl inedördülleriň sany birmeňzeş bolmalydyr (Sur. 12).
3 Dogry suw talhlygyny bellän wagtyňyz, tassyklamak üçin tassyklaýyş
Üweme sazlamasyny düzmek
Kofe dänesi üçin konteýneriň içindäki üwemäni sazlaýan geçiriji bilen kofe berkligini sazlap bilersiňiz.
Üweme sazlamasy pes boldugyça kofe däneleri has ownuk üwelýär, kofe bolsa şonça berk bolýar. Saýlamak
üçin 12 dürli üweme sazlamasy elýeterlidir.
Bu gaýnadyjy size kofe däneleriniň iň aňrybaş tagamyny bermek üçin sazlanandyr. Şonuň üçin size 100–150
çaşka (takmynan 1 aý ulanyş) içgi taýýarlaýançaňyz üweme sazlamasyny sazlamagy maslahat bermeýäris.
Tagamdaky tapawudy doly dadyp bilmegiňiz üçin 2–3 sany içgi gaýnatmagyňyz gerek.
Üweýjä zeper ýetirmez ýaly üwemäni sazlaýan geçirijini bir gezekde bir towdan artyk aýlamaň.
1 Esasy menýuda Sazlamalar
2 "Üweýji" degiň.
3 Edilşini görkezýän wideo serediň.
Zawod sazlamalaryny dikeltmek
Gaýnadyjy zawod sazlamalaryny islendik pursatda dikeltmek mümkinçiligini hödürleýär.
1 Sazlamalar
şekiljigini basyň.
2 "Zawod sazlamalary" saýlamak üçin çepden saga gaýdyryň. Tassyklama
-
Sazlamalar häzir dikeldilip dur.
Şu aşakdaky zawod sazlamalary standarda dikeldildi: suwuň talhlygy, garaşma wagty, displeý ýagtylygy,
ses, öň tarapyň yşyklandyrylyşy, profiller, ölçeg birlikleri, öý ekranyň sazlamalary, Wi-Fi ygtyýarlyklary,
programma täzelemeleri boýunça islegler, Saeco ygtyýarlyklary, Amazon ygtyýarlyklary.
AquaClean suw filtri
Gaýnadyjyňyzda AquaClean işledilen. Kofäňiziň tagamyny saklamak üçin, AquaClean filtrini suw gabyna
ýerleşdirip bilersiňiz. Ol gaýnadyjyňyzda üýşýän hek kesmegini azaltmak arkaly, kesmek aýyrmak zerurlygyny
gowşadýar. AquaClean suw filtrini ýerli ýa-da onlaýn bölek satyjyňyzdan ýa-da ygtyýarly tehniki hyzmat
merkezlerinden satyn alyp bilersiňiz.
AquaClean filtr ýagdaýy görkezijisi
AquaClean filtriniň ýagdaýy hemişe "Ýagdaý" menýusynda göterim görnüşinde görkezilýär.
-
Eger AquaClean filtriniň ýagdaýy 10% ýa-da az bolsa, her gezek gaýnadyjyny açanyňyzda ekranda 2
sekuntlap hat görkezilýär. Ol hat size täze filtr satyn almagy maslahat berýär.
-
Eger filtriň ýagdaýy 0% bolsa, her gezek gaýnadyjyny açanyňyzda, gaýnadyjy AquaClean filtrini
çalşyrmagyňyzy soraýar.
şekiljigine degiň.
şekiljigini basyň.
şekiljigine degip tassyklaň.

Advertisement

Table of Contents
loading

This manual is also suitable for:

Granaroma deluxe

Table of Contents