Download Print this page

Philips Sonicare DiamondClean 9000 Series Manual page 582

Hide thumbs Also See for Sonicare DiamondClean 9000 Series:

Advertisement

Available languages
  • EN

Available languages

  • ENGLISH, page 1
582
Türkmençe
BrushPacer
Tertipler
Bellik: Gyllar çalaja hüžžerip durmalydyr. El bilen
ulanylýan diş çotgasynda bolşy ýaly, gazalap
çotgalamak maslahat berilmeýär.
Bellik: Gaty köp basyş etseňiz, size duýduryş bermek
üçin, tutawajyň titremesi üýtgär we nasadkany
çalşyrmagy ýatladyş çyrasy sary reňkde ýanyp söner.
5 Öňdäki dişleriň iç ýüzlerini arassalamak üçin, çotganyň
tutawajyny ýarym ýokaryk egiň we her dişe birnäçe
dik örtüşýän çotgalama urgusyny ediň.
6 Çotgalamagyň bir döwresini gutaranyňyzdan soň,
dişleriň çeýneýän we tegmil emele gelýän ýerlerini
çotgalamak üçin goşmaça wagt sarp edip bilersiňiz.
Eger isleseňiz, diş çotgasyny işledip ýa-da öçürip,
diliňizi hem çotgalap bilersiňiz.
Bellik: Philips Sonicare diş çotgaňyzy ortodontik
skobalarda (nasadka skobada ulanylanda çalt könelýär)
we diş dikeldişlerinde (plombalar, täçler, winirler)
ulanmak howpsuzdyr.
Tutuş agyzda gyradeň çotgalamak üçin, BrushPacer
aýratynlygy arkaly agyz boşlugyňyzy 6 bölege bölüň.
BrushPacer çotgalama wagtyny 6 sany deň bölege bölýär
we indiki zolaga geçmeli wagtyňyzy görkezýär. Ol
bölekler titremede sähelçe säginmek arkaly görkezilýär.
Diş çotgasy çotgalama seansynyň ahyrynda awtomatik
durýar.
Bellik: White+ ýa-da Gum Health tertiplerini ulanýan
wagtyňyz, goşmaça bölekleriň goşulmagy mümkin.
Elektrikli diş çotgaňyz 4 dürli tertip bilen
enjamlaşdyrylandyr: Clean, White+, Gum Health we Deep
Clean+. Ulanýan akylly nasadkaňyza baglylykda, optimal
tertip we ýygjamlyk BrushSync tehnologiýasy tarapyndan
awtomatik saýlanylar. Tertipleri üýtgetmek üçin, tutawaç
öçük wagty, tertip/ýygjamlyk düwmesini basyň.

Advertisement

loading