Download Print this page

Philips Sonicare DiamondClean 9000 Series Manual page 576

Hide thumbs Also See for Sonicare DiamondClean 9000 Series:

Advertisement

Available languages
  • EN

Available languages

  • ENGLISH, page 1
576
Türkmençe
Batareýa howpsuzlyk görkezmeleri
-
Bu enjamda ulanyjynyň tehniki hyzmat edip biljek
şaýlary ýokdur. Eger enjama zeper ýetse, ony
ulanmagy bes ediň we ýurduňyzdaky Müşderi
goldawy merkezine ýüz tutuň. Eger şnura zeper ýeten
bolsa, zarýadnigi täzesi bilen çalşyryň.
-
Zarýad beriş bazasyny we/ýa-da zarýad beriş syýahat
çeholyny daşarda ýa-da gyzgyn üstleriň golaýynda
ulanmaň.
-
Önümiň hiç bir bölegini gap-gaç ýuwujyda
arassalamaň.
-
Bu enjam diňe dişleri, diş etini we dili arassalamak üçin
dizaýn edilendir.
-
Gyllary mynjyran ýa-da eplenen çotga nasadkasyny
ulanmagy bes ediň. Nasadkany her 3 aýdan ýa-da
könelme alamatlary ýüze çyksa, ondan hem ir
çalşyryň.
-
Düzüminde efir ýaglary ýa-da kokos ýagy bar bolan
önümler bilen gönümel galtaşdyrmaň. Galtaşma
gyllaryň gopmagyna eltip biler.
-
Eger ulanyşdan soň çendenaşa ganama ýüze çyksa,
ganama ulanyşdan 1 hepde geçensoň ýüze çykmaga
dowam etse ýa-da bimazalyk ýa-da agyry duýsaňyz,
enjamy ulanmagy bes ediň we stomatolog/lukman
bilen maslahatlaşyň.
-
Eger öňki 2 aýda agyz ýa-da diş eti operasiýasyny
geçiren bolsaňyz, bu enjamy ulanmazdan öň
stomatologyňyz bilen maslahatlaşyň.
-
Eger size kardiostimulýator ýa-da başga bir implant
enjam goýlan bolsa, ulanmazdan öň lukmanyňyza ýa-
da implant enjamyň öndürijisine ýüz tutuň.
-
Eger lukmançylyk taýdan şübhelenseňiz, bu enjamy
ulanmazdan öz lukmanyňyz bilen maslahatlaşyň.
-
Bu önüm şahsy ideg enjamy bolup, stomatologik
klinikada ýa-da edarada birnäçe näsagda ulanmak
üçin niýetlenilmeýär.
-
Diňe hakyky Philips esbaplaryny we sarp ediş
materiallaryny ulanyň. Diňe aýryp bolýan TCAxxxx
we/ýa-da CBAxxxx üpjünçilik bloguny ulanyň. Diňe
önümiň ýany bilen berlen zarýad berilýän batareýany
ulanyň.

Advertisement

loading