Philips sonicare DiamondClean 9900 Prestige Manual page 488

Table of Contents

Advertisement

Available languages
  • EN

Available languages

  • ENGLISH, page 1
488
Türkmençe
Çotgalama tertipleri
Ýygjamlyk sazlamalary
7 BrushPacer çotgalama wagtyny alty sany deň bölege
bölýär we indiki zolaga geçmeli wagtyňyzy görkezýär.
Bölekler titremede sähelçe säginmek arkaly
görkezilýär. Diş çotgasy çotgalama seansynyň
ahyrynda awtomatik durýar.
Bellik: Philips Sonicare diş çotgaňyz ortodontik
skobalarda, diş modifikasiýalarynda we diş dikeldişlerinde
(plombalar, täçler, winirler) ulanmaga howpsuzdyr
Elektrikli diş çotgaňyz uniwersal arassalamak tertibinde
gelýär we alty bölekli çotga taýmeriniň kömegi bilen, diş
lukmany tarapyndan maslahat berilýän 2 minutlyk
çotgalama rutinasyny üpjün edýär.
Çotgalama tertibiňizi şahsylaşdyrmak üçin, elektrikli diş
çotgasy sazlamalaryňyzy Sonicare programmasynda
laýyklap bilersiňiz (ser. "Sonicare programmasy –
Ulanmaga başlamak").
Bellik: Diş çotgasynyň tutawajynda tertip görkezilmeýän
hem bolsa, tertibi islendik wagt Sonicare
programmasyndan täzeläp bilersiňiz we saýlawyňyz
saklanylar.
Elektrikli diş çotgaňyz 3 dürli ýygjamlyk sazlamasy bilen
gelýär:
-
Ýokary ýygjamlyk (üç çyra)
-
Orta ýygjamlyk (iki çyra)
-
Pes ýygjamlyk (bir çyra)
Gerekli ýygjamlygy el bilen saýlamak üçin, opsiýalaryň
arasynda gezer ýaly, tutawaçdaky ýygjamlyk görkeziji
çyrasyny basyň. Ýygjamlyk sazlamasyny çotgalamazdan
öň, soň ýa-da onuň dowamynda üýtgedip bolýar.
Bellik: Ýygjamlyk sazlamasyny Sonicare
programmasyndan hem laýyklap bolýar.

Advertisement

Table of Contents
loading

This manual is also suitable for:

Hx9992/42Hx9992/31

Table of Contents