Philips One HY1200 Manual page 95

Hide thumbs Also See for One HY1200:
Table of Contents

Advertisement

Available languages
  • EN

Available languages

  • ENGLISH, page 1
Duýduryşlar
-
Zarýad kabelini suwdan uzakda saklaň.
-
Arassalanyňyzdan soň, zarýad beriş kabelini USB
tok üpjünçilik bloguna dakmazdan öň doly
guradyň.
-
Enjamy çagalar, şeýle hem enjamy howpsuz
görnüşde ulanmak boýunça gözükdirijiler berlen
ýa-da howpsuz ulanmak boýunça gözegçilik
astyndaky we degişli howplar özlerine mälim
edilen ýagdaýynda fiziki, duýgurlyk ýa-da zehin
ukyplary pes ýa-da tejribesi we bilimi bolmadyk
şahslar hem ulanyp biler. Çagalar gözegçilik
astynda däl wagty enjamda arassaçylyk we ulanyjy
tarapyndan geçirilmäge degişli abatlaýyş işlerini
geçirmeli däl.
-
Çagalar enjam bilen oýnamaly däl.
-
Diňe hakyky Philips esbaplaryny ýa-da sarp ediş
materiallaryny ulanyň. Diňe önümiň ýany bilen
berlen, 5V hemişelik tok giriş güýjenmesi bar bolan
zarýad kabelini ulanyň. Eger berlen bolsa, diňe
original USB tok üpjünçilik bloguny ulanyň.
-
Bu önüm şahsy ideg enjamy bolup, stomatologik
klinikada ýa-da edarada birnäçe näsagda ulanmak
üçin niýetlenilmeýär.
-
Bu enjamda ulanyjynyň tehniki hyzmat edip biljek
şaýlary ýokdur. Eger enjama zeper ýetse, ony
ulanmagy bes ediň we ýurduňyzdaky Müşderi
goldawy merkezine ýüz tutuň.
-
Gyzgyn üstleriň golaýynda ulanmaň.
-
Önümiň hiç bir bölegini gap-gaç ýuwujyda
arassalamaň.
-
Bu enjam diňe dişleri, diş etini we dili arassalamak
üçin dizaýn edilendir.
-
Gyllary mynjyran ýa-da eplenen çotga nasadkasyny
ulanmagy bes ediň. Nasadkany her 3 aýdan ýa-da
könelme alamatlary ýüze çyksa, ondan hem ir
çalşyryň.
-
Düzüminde efir ýaglary ýa-da kokos ýagy bar
bolan önümler bilen gönümel galtaşdyrmaň.
Galtaşma gyllaryň gopmagyna eltip biler.
-
Eger ulanyşdan soň çendenaşa ganama ýüze
çyksa, ganama ulanyşdan 1 hepde geçensoň ýüze
çykmaga dowam etse ýa-da bimazalyk ýa-da agyry
duýsaňyz, enjamy ulanmagy bes ediň we
stomatolog/lukman bilen maslahatlaşyň.
-
Eger öňki 2 aýda agyz ýa-da diş eti operasiýasyny
geçiren bolsaňyz, bu enjamy ulanmazdan öň
stomatologyňyz bilen maslahatlaşyň.
-
Eger size kardiostimulýator ýa-da başga bir
implant enjam goýlan bolsa, ulanmazdan öň
lukmanyňyza ýa-da implant enjamyň öndürijisine
ýüz tutuň.
-
Eger lukmançylyk taýdan şübhelenseňiz, bu
enjamy ulanmazdan öz lukmanyňyz bilen
maslahatlaşyň.
Batareýa howpsuzlyk görkezmeleri
-
Bu enjamda diňe professional işgärler tarapyndan
aýrylmaly batareýalar bar.
-
Bu önümi diňe onuň niýetlenilýän maksady üçin
ulanyň. Önümi we onuň batareýalaryny hem-de
esbaplaryny ulanmazdan ozal, şu maglumaty üns
bilen okaň hem-de geljekde gollanmak üçin
ýygnap goýuň. Nädogry ulanmak howplara ýa-da
agyr şikeslere eltip bilýär. Enjam bilen üpjün
edilýän esbaplar dürli önümlerde dürli bolup biler.
-
Önümi we batareýleri otdan uzakda saklaň we
olary günüň göni düşýän şöhlesine ýa-da ýokary
temperaturalara sezewar etmäň.
-
Eger önüm adatdan daşary gyzsa ýa-da ys çykarsa,
onuň reňki üýtgese ýa-da zarýad almagy üçin
adatdakysyndan köp wagt gerek bolsa, onda
önümi ulanmagy we oňa zarýad bermegi bes ediň
we Philips-e ýüz tutuň.
-
Önümleri we olaryň batareýlerini mikrotolkunly
ojaklaryň ýa-da induksiýaly ojaklaryň içine salmaň.
-
Batareýleriň gyzmagynyň ýa-da zäherli ýa-da
howply maddalary çykarmagynyň öňüni almak
üçin önümi ýa-da batareýleri açmaň, olarda
üýtgeşme etmäň, olary deşmäň ýa-da olara zeper
ýetirmäň. Batareýlerde gysga utgaşma etmäň,
olara aşa zarýad bermäň ýa-da ters tarapdan
zarýad bermäň.
-
Bu enjamda çalşyryp bolmaýan batareýalar bardyr.
Batareýanyň hyzmat möhleti gutaranda, enjamy
talabalaýyk görnüşde zyňmak gerek, gaýtadan
işlemek baradaky bölüme serediň.
Saklamagyň we daşamagyň şertleri
Temperatura -10 °C bilen 60 °C.
Elektromagnit meýdanlary (EMF)
Şu Philips enjam elektromagnit meýdançalara
sezewar bolunmagyna dahylly hereket edýän ähli
standartlara we düzgünnamalara gabat gelýär.
Simwollaryň düşündirişi
Önümde şu aşakdaky simwollaryň görünmegi
mümkin:
-
Operatoryň Gollanmasyny okaň (Sur. 2).
-
Dakylýan tok beriş blogy (Sur. 3): "xxxxxx"
ulanylmak üçin tassyklanylan zarýadnikleriň model
belgisini görkezýär.
Tanyşdyryş
Alan harydyňyz nesip etsin, Philips-e hoş geldiňiz!
Philips-iň hödürleýän goldawyndan doly
peýdalanmak üçin, önümiňizi
www.philips.com/welcome salgysynda bellige alyň.
Niýetlenilýän ulanyş
Philips One elektrikli diş çotgalary dişiň çüýremegini
azaltmak we agyz saglygyny saklamak maksady bilen,
dişlerdäki daşy hem-de iýmit galyndylaryny
aýyrmaklyga niýetlenilýär. Philips One elektrikli diş
çotgalary diňe öýde ulanmaklyga niýetlenilýär.
Çagalaryň ulanmagy ulularyň gözegçiligi astynda
bolmalydyr.
Philips One enjamyňyz (Şek. 1)
1 Tutawaç
2 Energiýa düwmesi
3 Batareýa çyrasy görkezijisi
4 Zarýad beriş porty
Esbaplar:
5 Nasadka(lar)
6 Syýahat çeholy
7 Syýahat çeholynyň gapagy
8 Nasadka syýahat gapagy

Advertisement

Table of Contents
loading

This manual is also suitable for:

Sonicare one hy1200Sonicare one hy1200/25Sonicare one hy1200/26

Table of Contents